Ajyksaň aýdym aýt: aýdym nädip horlanmaga kömek edýär

  • 02.04.2021 12:02
  • 13k+

Wokal mugallymy Ýuliýa Tarawkowa wokal türgenleşikleriniň horlanmaga peýdasy baradaky 4 hakykat dogrusynda durup geçdi.

1.Aýdym aýdylanda myşsalar işjeňleşýär
Aýdym aýdylýan mahaly 80 myşsa topary herekete gelýär. Eger-de siz dogry dem alsaňyz, garyn myşsalary gataýar. Sebäbi wokal sapaklarynda dogry dem almak esasy zatlaryň biri bolup, ol myşsanyň türgenleşik zalyndaky ýaly berkemegine ýardam edýär.

2. Dogry dem almak ýaglary ýakmaga kömek edýär
Aýdym aýtmak sungaty, ilkinji nobatda, dogry dem almak sungatydyr. Bilşiňiz ýaly, kislorod ýetmezçiligi metabolizm hadysasynyň haýallamagyna getirýär. Mundan başga-da, kislorod bize energiýa berýän glýukozany turşatmak, şeýle hem bedende ýygnanan ýaglary turşatmak üçin zerurdyr. Näçe köp kislorod kabul etsek, şonça-da köp ýag ýakýarys. Dem alyş usullaryny özleşdirmek - ylgamakdan ýa-da tigir sürmekden 140% köp ýag ýakmaga kömek edýär. Sebäbi biz adaty dem alyş wagtynda öýkeniň göwrüminiň bary-ýogy 30%-ini ulanýarys we ýag öýjüklerinden dynmak üçin ýeterlik kislorod almaýarys. Aýdym aýdanymyzda bolsa biz çuň dem alýarys we ganyň kislorod üpjünçiligini artdyrýarys.

3. Aýdym stresden goraýar
Bilşiňiz ýaly, stres bedeniň iýmit siňdirişine jogap berýän amallary işjeňleşdirýär. Aýdym aýtmak prosesi beýnide şatlyk endorfin gormonynyň öndürilmegini höweslendirýär. Bu bolsa adamyň merkezi nerw ulgamyna peýdaly täsir edýär, stresden dynmaga kömek edýär, kanagatlanma duýgusyny döredýär we şähdiňi açýar.

4. Aýdym aýtmak - energiýa sarp edýän iş
Bir sagat wokal türgenleşiginde beden 120 kkal töweregi energiýa sarp edýär. Agramyna görä, 1 sagat aýdym aýdanylda ýakylýan energiýa mukdary şeýleräk: 50 kg - 85 kkal, 80 kg - 136 kkal, 110 kg –187 kkal diýip, womanhit.ru habar berdi.

 

düýn 18:39
2.8k+

Lomaý sargyt etmegiň täze tapgyry: telekeçiler «Birligi» saýlaýar

Dükan, market, kafe ýa-da restoran dolandyrýaňyzmy? Onda sizem soňsuz telefon jaňlaryna we araçylara wagt ýitirmegiňizi bes ediň. Telekeçiler eýýäm «Birlik» platformasy bilen satyn alyşyň has amatly görnüşine......

08.06.2026 15:19
6.1k+

Türkmenistanda howa maglumaty: hepdäniň başy we ahyry ýagyşly bolar

Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa gullugy Türkmenistanda şu hepde (8–14-nji iýun) bolmagyna garaşylýan howa barada maglumat berdi....

25.05.2026 17:25
4k+

«Birlik» – üpjün edijiler we alyjylar üçin ykjam witrina

Ýörite işgär hakyna tutmazdan ýa araçy gözlemän, satuwlary köpeltmegiň ugruny gözleýäňizmi? «Birlik» — bu ýurdumyzdaky müňlerçe lomaý alyjylara (marketlere, dükanlara, toý mekanlaryna, kafelere, otellere…)......

25.05.2026 11:42
8.2k+

Maýyň soňky günleri Türkmenistanda ýagynly we yssy bolar

Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa gullugy ýurdumyzda şu hepdäniň dowamynda boljak howanyň ýagdaýy barada maglumat berdi....