Türkmen wekiliýeti Moskwada birnäçe möhüm resminamalara gol çeker

  • 01.04.2021 09:09
  • 21k+

Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň degişli wekiliýetiniň agzalaryna Russiýa Federasiýasynyň Moskwa şäherinde gulluk iş saparynyň çäginde degişli resminamalara türkmen tarapyndan gol çekmäge ygtyýar berdi.

Hususan-da, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow «Biologik howpsuzlygy üpjün etmek meseleleri boýunça Türkmenistanyň Hökümeti bilen Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama»; «1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunyň başlanmagynyň 80 ýyllygyna bagyşlanan Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna gatnaşyjy döwletleriň halklaryna we dünýä jemgyýetçiligine Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna gatnaşyjy döwletleriň Baştutanlarynyň Ýüzlenmesiniň taslamasy hakynda» Garaşsyz Döwletleriniň Arkalaşygynyň daşary işler ministrleriniň geňeşiniň çözgüdine; «Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna gatnaşyjy döwletleriň 2021 — 2030-njy ýyllar üçin bedenterbiýe we sport babatda hyzmatdaşlygynyň ösüşiniň Strategiýasyny amala aşyrmak boýunça 2021 — 2023-nji ýyllar üçin çäreleriň Meýilnamasy hakynda” Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň daşary işler ministrleriniň geňeşiniň çözgüdine gol çeker.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Ýokary gözegçilik edarasynyň başlygy S.Berdimuhamedow «Sebitara hyzmatdaşlyga ýardam bermek hakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň arasyndaky Ylalaşyga» gol çeker.
Saglygy goraýyş we derman senagaty ministri N.Amannepesow «Halkara lukmançylyk, sanitariýa düzgünlerini (2005 ý.) ornaşdyrmak babatda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi bilen Sarp edijileriň hukuklaryny goramak we adamyň abadançylygy babatda gözegçilik boýunça federal gullugynyň (Russiýa Federasiýasy) arasyndaky Ylalaşyga» gol çeker.
Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň başlygy M.Hudaýkulyýew “Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň arasynda geçirilýän harytlaryň gümrük bahalary baradaky resminamalary we maglumatlary alyşmak hakynda Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy bilen Federal gümrük gullugynyň (Russiýa Federasiýasy) arasyndaky Teswirnama» gol çeker.
Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komitetiniň başlygy S.Welbegow “Özara söwda barada statistik maglumatlary alyşmak hakynda Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komiteti bilen Federal gümrük gullugynyň (Russiýa Federasiýasy) arasyndaky Ähtnama gol çeker.
Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň başlygy R.Jepbarow «Hyzmatdaşlyk etmek hakynda Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş banky bilen «Transkapitalbank» jemgyýetçilik paýdarlar jemgyýetiniň arasyndaky Ylalaşyga; «Hyzmatdaşlyk etmek hakynda Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş banky bilen Döwlet ýöriteleşdirilen Russiýa eksport-import bankynyň (paýdarlar jemgyýetiniň) arasyndaky Ähtnama» gol çeker.
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň rektory D.Myradow «Ylmy hyzmatdaşlyk we oba hojalyk ugry boýunça hünärmenleri taýýarlamak hakynda S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersiteti bilen Önümçilik-ylmy tohumçylyk assosiasiýasynyň (“Tohumlar” assosiasiýasy, Moskwa şäheri) arasyndaky Ähtnama» gol çeker.

düýn 16:50
1.8k+

Türkmen öndürijileri Kazan Halal Market halkara ýarmarkasyna gatnaşar

2026-njy ýylyň 12–17-nji maýy aralygynda Kazan şäherinde geçiriljek Kazan Halal Market halkara söwda ýarmarkasynda Türkmenistanyň önümleri görkeziler. Bu çäre «Russiýa — Yslam dünýäsi: KazanForum» XVII halkara......

düýn 07:24
10k+

Mary welaýatynyň Ýolöten etrabynda täze döwrebap şäherçe gurlar

Türkmenistanyň Prezidenti Mary welaýatynyň Ýolöten etrabynyň Ymambaba geňeşliginiň çäginde täze döwrebap şäherçäni gurmak barada Karara gol çekdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi....

07.04.2026 23:10
7.4k+

Gurbanguly Berdimuhamedow Walentina Matwiýenkony doglan güni bilen gutlady

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy Walentina Matwiýenko bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi diýip,......

07.04.2026 21:02
2k+

Wýetnamda täze premýer-ministr saýlandy

Wýetnamyň premýer-ministri wezipesini ýurduň Kommunistik partiýasynyň Merkezi Komitetiniň sekretary we partiýanyň Merkezi guramaçylyk komitetiniň başlygy Le Min Hyng eýeledi. Ol 16-njy çagyrylyşyň Milli......