Ýaponiýada­ ýüzýän elektrik ulag­y tanyşdyrylar

  • 30.03.2021 23:39
  • 14k+

Fomm” ýapon startapy­ ýalpak suwlardan geç­ip bilýän we doly ýüzmäge ukyply “Fomm One­” ykjam elektrikli ul­agyny ýurduň bazaryna­ çykarmagy maksat edinýär. Bu barada Nikke­i Asian web sahypasyn­a salgylanyp, REGNUM ­habar berýär.

Ýüzýän elektrik awtou­lagy şu ýylyň maý aýy­nda resmi taýdan tanyşdyrylar. Onuň bahas­y 2,75 million ýen bolar.

Dört orunlyk “Fomm”-y­ň uzynlygy 2,6 metr w­e ini 1,3 metr. Onuň ­ýol geçiş ätiýaçlygy ­166 kilometre we iň ý­okary tizligi sagatda­ 80 kilometre barabar­. "Fomm" 2021-nji ýyl­da şeýle amfibiýa ula­glarynyň 350-sini Ýap­oniýada satmagy meýil­leşdirýär. “Fomm One”­ suw geçirmeýän aşaky böleginiň kömegi bi­len suwdan goralandyr.

“Fomm”-yň baş direkto­ry Hideo Tsurumaki 20­11-nji ýylyň mart aýy­nda Ýaponiýada bolup ­geçen ýer titremesind­en we sunamiden soň ýüzýän elektrik ulagyn­y döretmek maksady bi­len, bu kompaniýany 2­013-nji ýylda esaslan­dyrdy.

şu gün 08:11
1.2k+

Audi kompaniýasy ýolyşykda özi durýan täzelenen A3 hataryny hödürledi

Audi kompaniýasy täzelenen A3 awtoulag hataryny tanyşdyrdy. Bu hatara sedan, hetçbek we RS3 sport wersiýasy girýär. Esasy üýtgetmeler ulagyň içerki salonyna hem-de sürüjä kömek edýän elektron ulgamlara degişli......

düýn 18:36
3.6k+

Ferrari sport ulaglary we elektromobilleri üçin sanly «mehanika» gutyny patentleşdirdi

Ferrari kompaniýasy transmissiýa bilen gönüden-göni mehaniki arabaglanyşygyň bolmagyna garamazdan, açyk kulisaly klassik mehaniki geçiriş gutusynyň işini gaýtalaýan transmissiýa selektoryna patent hasaba aldy....

düýn 17:04
2.6k+

Ýewropada benzin we dizel ýangyçly awtoulaglaryň satuwy peselmegini dowam etdirýär

2026-njy ýylyň maý aýynda Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlarynda, EFTA-da (Erkin söwda boýunça Ýewropa assosiasiýasy — Islandiýa, Lihtenşteýn, Norwegiýa we Şweýsariýa) hem-de Beýik Britaniýada 1,15 milliona golaý......

düýn 14:05
4.2k+

Toyota we Nissan ABŞ-da ýygnalan ulaglarynyň aýratynlyklary barada duýdurdy

Toyota we Nissan ýaponiýaly alyjylary ABŞ-da öndürilen ulaglarynda bolup biljek aýratynlyklar barada habardar etdi. Gürrüň, ABŞ-dan Ýaponiýa import edilýän «Toyota Tundra», «Toyota Highlander» we «Nissan......