«Awtoýoly» täze akkumulýatory nädip saýlamalydygyny maslahat berdi

  • 30.03.2021 15:37
  • 21k+

Akkumulýator — awtomobiliň esasy düzüm bölegi. Awtomobiliň beýleki elementleri ýaly, onuň hem ulanyş möhleti çäkli bolýar. Bu möhlet tamamlanandan soň bolsa, awtoulag sürüjisiniň öňünde täze akkumulýator satyn almak meselesi ör boýuna galýar. Eýsem, täze akkumulýatory nädip saýlamaly? Ilkinji nobatda, nämä üns bermeli? Bahasynamy, göwrüminemi, öndürijisinemi? Şular ýaly soraglar awtoulag sürüjilerimiziň arasynda ýygy-ýygydan duşýan bolsa gerek. Hut şonuň üçin hem TmCars.info awtomobil eýelerine bu babatda ýardam etmek maksady bilen, ýurdumyzdaky «Awtoýoly» nyşanyny ulanýan söwda we awtohyzmatlar merkeziniň ussat hünärmenleri bilen gürrüňdeş boldy.

Merkeziň hünärmenleri akkumulýator saýlamagyň, onuň ömrüni uzaltmagyň syrlary bilen paýlaşdylar.

«Ilki bilen, akkumulýator saýlamagyň dogry ýoly — awtoulagyňa görä akkumulýator saýlamakdyr. Has takygy, awtoulagyň motorynyň hereketlendirijisiniň energiýa sarp edijiligine görä saýlamaly. Akkumulýator öndüriji zawod önümiň haýsy awtomobile laýyk gelýändigi barada tekliplerini hem hödürleýär.
Motory 2,5-a çenli bolan awtoulaglara 60-lyk amperažly (12V) akkumulýator dakmak maslahat berilýär. Elbetde, ondan uly motorlara-da şeýle akkumulýatory dakyp bolar, emma bu ýagdaýda onuň hyzmat ediş möhleti gysga bolar.
Mundan başga-da, akkumulýator öndüriji zawodlar bu günki gün awtosürüjilere her üç aýdan batareýleri barlap durmagy maslahat berýärler. Çünki häzirki akkumulýatorlar taýyn görnüşde (içi ýörite suwly) gelýär. Zawodlar kepillik berenlerinde hem şol şerti, ýagny her üç aýdan barlag edilip durulmagyny soraýarlar.

Akkumulýatory her üç aýdan nirede barladyp bolýar?

Kepillik möhleti dowam edýän döwründe müşderi akkumulýatory alan ýerine her üç aýdan ýörite barlaga gelmeli. Awtohyzmat merkezi akkumulýatoryň ulanylyşyny, onuň energiýa sarp edijiligini, balkalaryndaky suwlarynyň derejesini barlaýar. Zerur bolan barlag işleri geçirilenden soň, kepillik talonyna möhür goýulýar.
«Awtoýoly» nyşanyny ulanýan söwda we awtohyzmatlar merkezi barada aýdanymyzda, bu merkez häzirki wagtda «Ýigit», «Varta», «Rigel» ýaly dünýä belli akkumulýatorlaryň ýediden gowrak görnüşini ýurdumyza getirýär. Merkeziň bäş welaýatda şahamçalary bolup, müşderiler kepillik döwründe ýörite berlen talony görkezip, islendik şahamçadan öz akkumulýatorlaryny mugt barlagdan geçirip bilerler.
Merkezimizden akkumulýator satyn alan ähli müşderilerimizi biz ýörite hasapda bellige alýarys. Her üç aýdan bolsa, müşderilere sms-habarnamasy arkaly Türkmenistanyň islendik ýerinde iň golaýynda ýerleşýän «Awtoýoly» nyşanyny ulanýan söwda we awtohyzmatlar merkezine baryp, akkumulýatoryny barlagdan geçirmeklerini ýatladýarys. 1,5 ýyl kepilligimiziň esasy şertleriniň biri hem hökmany suratda her üç aýdan barlaga gelmekdir.
«Awtoýoly» merkezimiz tarapyndan işlenip düzülen ýörite programma arkaly hünärmenlerimiz akkumulýatory oturdan awtoulagynyň ýagdaýyny öwrenýärler. Energiýa ýitgisiniň barlygyny, dinamyň tok berijiligini, klemmalaryň abatlygyny, energiýa sarp edýän goşmaça enjamlaryň barlygyny ýa ýoklugyny barlaýar. Her üç aýdan kepillik barlagyndan geçirmek arkaly müşderi öz akkumulýatorynyň ömrüni uzaldýandygyny ýatdan çykarmaly däldir.
Akkumulýator alanyňyzda, awtoulagyňyzda ýörite onuň üçin bellenen ýere (käbir awtoulaglarda akkumulýatorlar ulagyň öň tarapynda, käbirinde yzynda, käbirinde bolsa, asla sürüjiniň oturgyjynyň aşagynda hem ýerleşip biler) jebis oturjak görnüşini saýlamaly.

Şeýle hem üns bermeli zatlaryň biri — käbir awtoulaglarda akkumulýatoryň oturdyljak ýeriniň polýarlygynyň ýeri çalşylan bolýar. «Awtoýoly» nyşanyny ulanýan söwda we awtohyzmat merkezlerimizde şular ýaly awtoulaglar üçin niýetlenen ters klemmaly akkumulýatorlaryň bardygyny hem aýdasymyz gelýär.
Belläp geçmeli zatlaryň biri, her bir akkumulýatoryň öz ID belgisi bolýar. Şol ID belgi arkaly biz akkumulýatoryň haçan we nirede öndürilendigini bilip bilýäris. Müşderä akkumulýatory dakyp berenimizden soň, oňa ýörite kepillik haty berilýär. Şol hatda hut şol awtoulaga dakylan akkumulýatoryň ID belgisi ýazylyp berilýär. Şol belgi biziň programmamyzda bellige alynýar.


Galyberse-de, «Awtoýoly» hyzmatlaryny sanly ulgamda alyp barmak üçin tagallalary edýär. Ýakynda kompaniýamyz sürüjilere täze «Awtoýoly» mobil programmasyny hem hödürledi. Bu mobil programmany ykjam telefonyňa ýükläp alyp, sürüji awtoulagynyň markasyny, öndürilen ýylyny ýazyp, özüne laýyk gelýän akkumulýatorlary, tekerleri, motor ýaglaryny anyklap, onlaýn sargyt edip bilýär. Mundan başga-da, bu mobil programmasynda akkumulýatory, tekerleri markasyna görä hem saýlap bolýar. «Awtoýoly» atly mobil programmany awtosürüjiler Play Marketiň hem-de AppStore-yň üsti bilen ýükläp alyp bilerler» - diýip, «Awtoýolynyň» hünärmeni habar berdi.

«Awtoýoly» nyşanyny ulanýan söwda we awtohyzmat merkezleriniň hünärmenleri bilen habarlaşmak üçin maglumatlary dykgatyňyza ýetirýäris:
Telefon belgileri: +993 12 75-40-09
Salgysy: Aşgabat şäheri, G.Kuliýew köçesi, jaý 78, Awtoýoly bina
Elektron salgysy: http://awtoyoly.com.tm
Play Store: https://play.google.com/store/apps/details?id=tm.com.awtoyoly_mobile
Apple Store: https://apps.apple.com/app/id1548936515

Awtoulag — sürüjiniň ýakyn ýoldaşy. Oňa dogry ideg etmek arkaly biz onuň hyzmat ediş möhletini uzaldýarys. Galyberse-de, öz wagtynda näsazlyklary düzetmek bizi uly çykdajylardan gorap biler.
Tmcars.info geljekde hem sizi gyzyklandyrýan temalar boýunça materiallaryny dykgatyňyza ýetirmegini dowam eder.

düýn 21:23
2.6k+

Tesla Model Y sökülen görnüşde görkezildi: ine, awtoulagyň skeleti

Tesla kompaniýasy Model Y elektrik ulagyny doly sökülen görnüşde görkezdi.  Kompaniýa onuň gurluşynyň we esasy tehnologik çözgütleriniň syryny açdy. Bu ädimi bilen Tesla gigakasting tehnologiýasyna üns çekýär — ol uly iri galyplaýjy maşynlary ulanýar, bu bolsa kuzowyň uly böleklerini birgiden böleklerden ýygnamagyň ýerine, bir bitewi görnüşde öndürmäge mümkinçilik berýär...

düýn 16:58
3k+

Rolls-Royce islegiň ýoklugy zerarly dolulygyna elektromobillere geçmekden ýüz öwürdi

Rolls-Royce kompaniýasy 2030-njy ýyla çenli öz modeller hataryny doly elektrik hereketlendirijä geçirmek meýilnamasyndan dändi. Bu barada kompaniýanyň ýolbaşçysy Kris Braunrij habar berdi diýip, "Motor1" neşiri ýazýar...

düýn 07:08
1.4k+

Xiaomi 902 km çenli ýol ätiýajy we lidary bolan täze nesil SU7 modelini hödürledi

Hytaýyň Xiaomi kompaniýasy birnäçe kämilleşdirmeler bilen täzelenen SU7 elektromobilini resmi taýdan hödürledi. Indi CLTC sikli boýunça ulagyň geçýän ýoly 902 km ýetýär, LiDAR ulgamy ähli wersiýalaryň adaty üpjünçiligine goşuldy, Max wersiýasynda bolsa zarýad kuwwaty 897 wolta çenli ýokarlandy...

22.03.2026 16:09
1.8k+

Infiniti kompaniýasy Nýu-Ýork awtosalonynda täze QX65 krossower kupesini görkezer

Infiniti kompaniýasy QX60-yň kupe görnüşindäki täze QX65 krossowerini tanyşdyrmaga taýýarlanýar. Täze model 26-njy martda ilkinji gezek görkeziler we aprel aýynyň başynda Nýu-Ýork awtosalonyna çykarylar. ABŞ-da satuw iýun aýynda başlar...