Xiaomi çalt zarýad bermegi has howpsuz etmegiň usulyny oýlap tapdy

  • 27.03.2021 16:00
  • 12k+

Xiaomi ykjam enjamlara zarýad berme prosesini has howpsuz etjek ýörite tehnologiýany patentledi. Onuň çäginde ýörite algoritm naprýaženiýa, zarýad derejesine gözegçilik eder we onuň tizligini üýtgedip durar. Bu barada 3dnews.ru habar berýär.

Köplenç, smartfonlaryň we elektron gurluşlaryň uzak wagtlap zarýadda durýan halatlary bolýar. Şeýle ýagdaýlarda ykjam enjamlar akkumulýatoryň doly zarýadlanandygyna garamazdan, zarýad almagyny dowam etdirýär. Bu hem birnäçe meseleleriň ýüze çykmagyna getirip bilýär.
Tehnologiýanyň düýp manysy batareýanyň zarýady çäk derejesine golaýlanda, awtomatiki taýdan “ýüzýän” zarýad beriş tertibiniň işlemeginde, ýagny onuň kuwwatynyň üýtgemeginde jemlenýär. Bu akkumulýatoryň çişmegi ýa-da ýanmagy ýaly meseleleriň öňüni almaga kömek eder. Şeýle-de, batareýanyň temperaturasy we içerki naprýaženiýe derejesi hem göz öňünde tutulýar. Eger görkezijileriň ikisi-de örän ýokary bolsa, zarýad berijilik kuwwaty zarýad çäginden geçilmegine garamazdan peselýär.
Smartfonlara zarýad bermegiň häzirki usullarynyň köpüsi ilkinji 50% sygymyň ýokary kuwwatda, 30%-iň orta we 20%-iň pes kuwwatda zarýad almagyny göz öňünde tutýar. 
Häzirki zaman akkumulýatorlarynyň köpüsinde çişme ýa-da ýanma meselesi ýok, ýöne käwagtlar şeýle ýagdaý ýüze çykýar. Bu tehnologiýanyň ýakynda gurluşlaryň haýsynda peýda boljakdygy häzirlikçe belli däl.

düýn 17:00
1.6k+

Innovega kompaniýasy görüjiligi pes adamlar üçin «Gen One» akylly äýnegini hödürledi

Innovega kompaniýasy agramy 70 grama-da ýetmeýän «Gen One» akylly äýnegini hödürledi. Enjam daş-töweregiň şekilini görüjiligi pes adamlaryň aýratynlyklaryna laýyklykda özgertmäge we sazlamaga niýetlenendir....

düýn 09:45
1.1k+

ChatGPT-niň aýlyk ulanyjylarynyň sany bir milliarddan geçdi

ChatGPT-niň aýlyk işjeň ulanyjylarynyň sany bir milliarddan geçdi. Bu hem ony taryhda şeýle uly auditoriýa sanyna iň çalt ýeten sanly önüme öwürdi. Bu barada Sensor Tower analitik kompaniýasy habar berýär....

07.06.2026 20:11
1.7k+

Acer akylly äýnek bazaryna emeli aňy we giňeldilen hakykaty öz içine alýan iki model bilen girýär

Taýwanyň Acer kompaniýasy garaşylmadyk ýagdaýda çalt ösýän akylly äýnek bazaryna girýändigini yglan etdi we içerki emeli aňy bolan tehnologik taýdan tapawutlanýan iki modeli görkezdi....

07.06.2026 17:01
1.8k+

Claude-ni döredijiler emeli aňyň ösüşini haýallatmaga çagyrdylar

Claude emeli aň modelini işläp düzen Anthropic kompaniýasy EA tehnologiýalarynyň ösüşini haýallatmak ýa-da wagtlaýynça togtatmaga çagyrýan makalany çap etdi. Bu ylmy makalanyň awtordaşy kompaniýanyň......