Alym Ýer ýüzünde nebitiň haçan gutarjakdygyny aýtdy

  • 21.03.2021 23:58
  • 33k+

HHR-iň Günorta tehnologiýa uniwersitetiniň prezidenti we Hytaýyň ylymlar akademiýasynyň agzasy Sýue Sikun Ýerdäki gazylyp alynýan energiýa baýlyklarynyň 50 ýyldan gutarjakdygyny çaklaýar diýip, RIA Nowosti habar berýär.

Ol soňky 250 ýylda gazylyp alynýan energiýa çeşmeleriniň çykarylyşynyň ýokarlanmagy sebäpli, üç senagat öwrülişiginiň bolup geçendigini belledi. Bu hakykaty, şeýle-de dünýä ykdysadyýetiniň ösüş depginini göz öňünde tutup, alym uglewodorod baýlyklarynyň geljek 50 ýylda gutarmagyna garaşýar.
Şunuň bilen baglylykda, ol häzirki ösüş derejesini saklamak üçin adaty gazylyp alynýan energiýa çeşmelerini alternatiw energiýa çeşmeleri bilen çalyşmaga çagyrýar. 
Hususan-da, hünärmen tükenmesi mümkin däl diýen ýaly Gün energiýasy barada gürrüň edýär. Ol kömür bilen tebigy gazy hem wodorod ýangyjy bilen çalyşmagyň mümkinçiligine baha bermegi teklip etdi. Bu ugurda hem suwdan wodorody almak üçin Güni ulanmagyň hasabyna ýokary derejede üpjünçiligi gazanyp bolýar.
Şol bir wagtyň özünde gaýtadan dikeldilýän energiýalary ösdürmek babatynda edilmeli işler kän. Aýratynam, netijeliligi ýokarlandyrmak, uzak möhletli, kuwwatly we howpsuz elektrik çeşmelerini işläp düzmek gerek diýip, alym belledi.

20.06.2026 11:54
5.1k+

Türkmenistan — Malaýziýa: nebitgaz pudagyndaky hyzmatdaşlyga 30 ýyl

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň hem-de ýurda sapar bilen gelen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň gatnaşmagynda «Türkmenistan — Malaýziýa:......

18.06.2026 12:32
5.6k+

“Türkmennebit” döwlet konsernine Petronas bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi

Türkmenistanyň Prezidenti nebitgaz pudagynyň öňünde goýlan wezipeleri durmuşa geçirmek hem-de Hazar deňziniň türkmen bölegindäki ygtyýarlandyrylan toplumlary “Uglewodorod serişdeleri hakynda” Türkmenistanyň......

18.06.2026 10:46
2.1k+

Gytaklaýyn guýulary üznüksiz burawlamak üçin dünýäde ilkinji gurluş döredildi

Perm milli barlag politehniki uniwersitetiniň (PNIPU) hünärmenleri gytaklaýyn nebit guýularyny burawlamagyň barşynda giroskoplardan üznüksiz maglumat almaga mümkinçilik berýän dünýäde ilkinji durnuklaşdyryjy......

13.06.2026 15:16
6.9k+

«Türkmengaz» we «Türkmennebit» hytaý kompaniýalary bilen şertnama baglaşar

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň gol çeken Kararlaryna laýyklykda, ýurduň nebitgaz pudagyny döwrebaplaşdyrmak, tebigy gazyň çykarylýan möçberini artdyrmak, nebitgaz ýataklaryny özleşdirmek we......