«Kann» film festiwalynda emin agzalaryna režissýor Spaýk Li ýolbaşçylyk eder

  • 18.03.2021 19:27
  • 2.8k+

Amerikaly kinorežissýor Spaýk Li 2021-nji ýyldaky «Kann» film festiwalynda eminleriň başlygy bolar. Bu barada dabaranyň guramaçylaryna salgylanyp, Sputnik gullugy habar berýär.

74-nji «Kann» film festiwaly 2021-nji ýylyň 6-njy iýulyndan 17-nji iýuly aralygynda geçiriler.

"Amerikaly režissýor Spaýk Liniň 74-nji «Kann» film festiwalynda emin agzalarynyň başlygy boljakdygyny tassyklamaga şat" -diýlip, habarda aýdylýar.

Guramaçylar emin agzalarynyň doly düzümini iýun aýynyň başynda hödürlärler.
Spaýk Liniň iň meşhur işleriniň arasynda «Malkolm Iks» ("Malcolm X", 1992) lentasy bar.

şu gün 13:56
789

ÝUNISEF Türkmenistanda çagalaryň hukuklaryny ilerletmek üçin täze Ýurt Maksatnamasyny işe girizýär

ÝUNISEF Türkmenistanyň Hökümeti bilen hyzmatdaşlykda 2026–2030-njy ýyllar üçin täze Ýurt Maksatnamasyny resmi taýdan işe girizdi. Bu ädim her bir çaganyň sagdyn bolmagyny, bilim almagyny we howpsuzlygyny üpjün etmäge gönükdirilendir...

şu gün 12:40
1.9k+

Arkadag şäherinde «Galkynyş» toparynyň halkara derejesindäki nobatdaky üstünligi bellenildi

Arkadag şäherinde «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň halkara derejesindäki nobatdaky üstünligine bagyşlanan dabaraly çäre geçirildi. Ozal habar berşimiz ýaly, ýaňy-ýakynda Monte-Karlo şäherinde geçirilen...

şu gün 10:31
2.8k+

Ýewropada ýaşan adamlar 25 müň ýyl ozal hem ýüzlerçe km aralykda gatnaşyk saklapdyrlar

Arheologlar Merkezi Ispaniýada, gelip çykyşy häzirki Fransiýanyň çäklerine degişli bolan we tapylan ýerinden 700 kilometrden gowrak uzaklykdan getirilen daş gurallaryny tapdylar. Science Advances žurnalynda çap edilen ylmy işde bellenilişi ýaly, bu aralyk Ýewropanyň paleolit döwri üçin daş gurallarynyň daşalan iň uzak aralygy hökmünde tassyklanylýar...

şu gün 10:15
1.6k+

Ady — Nowruz: Gazagystanda arynyň täze görnüşi tapyldy

Nemes entomologlary Gazagystanyň günorta-gündogarynda arynyň täze görnüşini tapdylar. Ol mundan ozal Merkezi Aziýada, Eýranda, Ysraýylda we Ýakyn Gündogaryň birnäçe ýurdunda duş gelýän sekiz görnüşi bilen tanalýan Planiandrena aşaky jynsynyň dokuzynjy wekili boldy...