«Gyzyl duýduryş»: 2030-njy ýyla çenli gaz zyňyndylary Ýeriň temperaturasyny ýokarlandyrar

  • 02.03.2021 19:56
  • 20k+

Döwletler uglerod zyňyndylaryny azaltmak boýunça netijeli syýasaty durmuşa geçirip başlamasa, planetanyň temperaturasy 1,5 gradusdan gowrak gyzar. Şeýle netijä halkara alymlar topary geldi. Maglumatlara görä, hökümetler Ýeri 1,5 gradus “howpsuz” çäkde saklamak üçin, 2030-njy ýyla çenli zyňyndylary iki esse azaltmaly. Ýöne häzirki ýagdaýda bu ýeterlik bolman biler diýip, hightech.fm belleýär.

Alymlaryň pikiriçe, zyňyndylar diňe 2030-njy ýyla çenli durnuklaşdyrylar. BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterriş bu ýagdaýy Ýeriň geljegi üçin “gyzyl duýduryş” diýip atlandyrdy.

“Maglumatlar hiç bir hökümetiň howanyň üýtgemegini 1,5 gradusa çenli çäklendirmek we Pariž (Howa) şertnamasynyň maksatlaryna ýetmek üçin zerur isleg derejesine golaýlaşmandygyny görkezýär” – diýip, ol belledi.

Alymlar käbir ýurtlaryň hatda howa meýilnamasyny hödürlemändigini belleýärler. Şol bir wagtyň özünde Meksika we Braziliýa zyňyndylaryň mukdaryny azaltmaýandyklary üçin tankyt edilýär. Ýöne belläp geçsek, Ýewropa bileleşiginiň ýurtlary zyňyndylary 40%-den 55%-e çenli azaldyp, uly ösüş görkezdiler.

düýn 23:10
2.2k+

Hindistan we Pakistan görlüp-eşidilmedik aşa yssy howa şertleri bilen ýüzbe-ýüz boldy

Pakistanda we Hindistanda howanyň temperaturasy +46°C-ä çenli ýetýän we uzak wagtlap dowam edýän aşa yssylyk hasaba alynýar diýip, Zakon.kz neşiri ýazýar....

15.05.2026 11:17
7.9k+

Ýaza ýaraşmajak ýagdaý: Hindistanyň Uttar-Pradeş ştatynda adatdan daşary güýçli harasat boldy

13-nji maýda agşamara Hindistanyň demirgazygyndaky Uttar-Pradeş ştatynda örän güýçli harasat turdy. Tebigy apatyň netijesinde azyndan 111 adam pida boldy we 72 adam dürli şikesleri aldy. Harasat güýçli ýagyş,......

11.05.2026 11:37
4.6k+

El-Ninýo sebäpli Dünýä ummanynyň temperaturasy taryhy rekorda golaýlaýar

Howa şertleri El-Ninýo tebigy hadysasynyň işjeň fazasyna geçýärkä, dünýä ummanlary täze temperatura rekordlaryny goýmagyň bosagasynda dur....

09.05.2026 19:12
9.1k+

Indoneziýada Dukono wulkanynyň atylmagy sebäpli syýahatçylar dereksiz ýitdi

Şenbe güni Indoneziýanyň häkimiýetleri Ýuwaş ummanyndaky Halmahera adasynda ýerleşýän Dukono wulkanynyň atylmagyndan soň dereksiz ýiten iki sany singapurlynyň ýerini anykladylar. Resmi wekiller häzirki wagtda......