Zenan žurnalistler ýylyň iň gowy awtomobillerini saýladylar

  • 02.03.2021 13:31
  • 16k+

Women’s World Car of the Year (WWCOTY) halkara bäsleşiginiň finalynda 38 ýurtdan 50 žurnalist dokuz esasy nominasiýada ýeňiji awtoulaglary saýlady. Bu bäsleşik bassyr on birinji ýyl geçirilýär diýip, zr.ru habar berýär.

Peugeot modelleri birbada iki kategoriýada ýeňiji boldy — Peugeot 208 — iň gowy şäher awtoulagy, Peugeot 2008 bolsa iň gowy şäher krossoweri boldy.
Skoda Octavia “Iň gowy maşgala awtomobili” nominasiýasynda ýeňiş gazandy, Lexus LC 500 kabrioleti Mercedes-Benz S-Class we Rolls-Royce Ghost-dan öňe geçip, “lýuks” klasynda ýeňiş gazandy. Iň gowy superkar hökmünde Ferrari F8 Spider saýlandy, orta göwrümli SUV klasynda Land Rover Defender ýeňiş gazandy. Iň gowy uly krossower Kia Sorento boldy. 
“Iň gowy 4x4 we pikap” hem-de “Iň gowy elektrokar” nominasiýalarynda Ford F-150 we Honda e ýeňiji boldy.
Nominasiýada ýeňiji bolan awtomobiller, her biriniň “howpsuzlyga, rahatlyga, tehnologiýa we baha/hil gatnaşygynyň laýyklygyna esaslanan kämillik bolmalydygyndan” ugur alnyp saýlandy. Şu ýyl girizilen täze düzgünlere laýyklykda, ilki her kategoriýada zenanlar üç finalçyny saýladylar, soň bolsa bir ýeňiji saýlandy. Bäsleşige 2020-nji ýylyň ýanwar-dekabr aralygynda satuwa çykan täze modeller gatnaşdy.
Halkara zenanlar gününde — 8-nji martda Women’s World Car of the Year bäsleşiginiň absolýut ýeňijisi yglan ediler.

düýn 14:34
2.3k+

Koenigsegg-iň Lego kubiklerinden ýasalan nusgasy sagatda 111 km tizlige çykdy

Lego we Koenigsegg kompaniýalary hyzmatdaşlygyň çäginde «Sadair’s Spear» ekstremal trek giperkaryny jikme-jik gaýtalaýan «Koenigsegg Sadair’s Spear Megacar» toplumyny taýýarladylar. Bu ulag markanyň......

21.06.2026 21:15
4.4k+

Toyota rekord derejedäki satuwlara garamazdan, model sanyny azaltmak isleýär

Toyota kompaniýasy rekord derejedäki satuw görkezijilerine garamazdan, awtoulaglaryň model we görnüş sanyny azaltmagy, ünsüni bolsa iň köp isleg bildirilýän hem-de düşewüntli ugurlara gönükdirmegi......

21.06.2026 16:05
3.6k+

Volkswagen-de çökgünlik: ýolbaşçylar kompaniýanyň ýok bolup gitmek howpuny boýun aldy

Germaniýanyň Volkswagen Group awtomobil konserniniň içerki ýagdaýy ýolbaşçylar tarapyndan örän howsalaly diýlip hasaplanýar. Germaniýanyň «Manager Magazin» neşiri kompaniýanyň müdirler geňeşiniň we gözegçilik......

21.06.2026 09:56
6.1k+

Singapurda aşa gara awtomobil boýagy döredildi: ol ýagtylygy doly diýen ýaly özüne siňdirýär

Singapuryň NIPSEA kompaniýasynyň barlagçylary görünýän diapozonda 99,9%-e çenli ýagtylygy özüne siňdirmäge ukyply bolan aşa gara awtomobil örtügini işläp taýýarlady....