Kriştianu Ronaldu XXI asyrda müňden gowrak oýna gatnaşan ýeke-täk oýunçy boldy

  • 24.02.2021 22:51
  • 9.8k+

Turiniň “Ýuwentusynyň” hüjümçisi Kriştianu Ronaldu özboluşly rekord goýdy diýip, Futbol taryhynyň we statistikasynyň halkara federasiýasy (IFFHS) habar berdi. Muny prostoprosport.ru belleýär.

36 ýaşly portugaliýaly oýunçy XXI asyrda müň oýun belligini ýeňip geçmegi başaran ýeke-täk oýunçy boldy. Häzirki wagtda hüjümçiniň hasabynda 1047 oýun bar.
Bu görkeziji boýunça ikinji ýerde 2020-nji ýylyň awgustynda karýerasyny tamamlan Madridiň “Realynyň” ozalky derwezebany Iker Kasilýas ýerleşdi. Onuň hasabynda 974 oýun bar.
Üçlügi “Barselona”, “Ýuwentus” we “PSŽ” üçin çykyş eden “San-Paulunyň” braziliýaly goragçysy Dani Alwes jemledi. Onuň hasabynda 969 oýun bar. Dördünji orunda “Barselonanyň” ozalky ýarym goragçysy Hawi ýerleşdi – 937 oýun. Bäşinji orun ýaponiýaly Ýasuhito Endo degişli boldy – 909 oýun. Altynjy orny “Milanyň” hüjümçisi Zlatan Ibragimowiç eýeleýär – 907 oýun. Ýedinji orunda braziliýaly Rožerio Seni gelýär – 904.
“Barselonanyň” kapitany we hüjümçisi Lionel Messi sekizinji orunda ýerleşdi. 33 ýaşly argentinaly oýunçynyň hasabynda 902 oýun bar. Soňky orunlary “Çelsiniň” ozalky derwezebany Petr Çeh – 889 bilen Janluiji Buffon – 852 eýeledi.

şu gün 08:18
1k+

19 sany Aston Martin DB4 GT Zagato-nyň biri 15 mln dollara auksiona çykaryldy

RM Sotheby’s kompaniýasy 1962-nji ýylda öndürilen Aston Martin DB4 GT Zagato awtomobilini auksiona çykardy. Seýrek duş gelýän bu ulag 12–15 million dollar aralygynda bahalandyrylýar....

şu gün 07:37
1.2k+

FIFA sosial ulgamlardaky kemsitmelere garşy göreşmek üçin emeli aňy işjeňleşdirer

Halkara futbol federasiýasy (FIFA) futbol boýunça dünýä çempionaty döwründe sosial ulgamlardaky kemsidiji teswirlere garşy göreşmek üçin emeli aňy ulanmagy meýilleşdirýär. Bu barada «The Guardian» gazeti habar......

düýn 20:02
4.9k+

Gabriel Bonfim UFC Fight Night 278 ýaryşynyň esasy tutluşygynda Belal Muhammady ýeňdi

Braziliýaly türgen Gabriel Bonfim Los-Anjelesdäki «Apeks» arenasynda geçirilen UFC Fight Night 278 ýaryşynyň esasy tutluşygynda amerikaly garşydaşy Belal Muhammady ýeňdi....

06.06.2026 11:51
4.5k+

Audi 1001 at güýjündäki Nuvolari gibrid superkaryny görkezdi: brendiň taryhyndaky iň güýçli ulag

Audi 1001 at güýjüne eýe bolan Nuvolari gibrid superkaryny görkezdi. Bu brendiň taryhyndaky iň güýçli we iň çalt önümçilik modelidir....