“Ford”-yň täze awtoulaglary “Android”-de işlär

  • 24.02.2021 11:29
  • 7.3k+

“Ford” kompaniýasy 2023-nji ýyldan başlap, “Ford” we “Linkoln” awtoulaglarynyň hemmesiniň Google programmalary we hyzmatlary gurnalan “Android” operasion ulgamynda işlejekdigini mälim etdi. Bu boýunça alty ýyllyk şertnama baglaşyldy diýip, rb.ru habar berdi.

2021-nji ýylyň ahyryndan başlap, Google “Ford”-a emeli intellekt, maglumat derňewi we maşyn öwrenmek babatda kömek eder. Google-yň sanly mümkinçiliklerini birleşdirmek we awtoulaglar üçin täze programmalary döretmek işi bilen Team Upshift atly täze bölüm meşgullanar.
2023-nji ýyldan başlap, täze “Ford” awtoulaglarynyň eýeleri “Google Assistent” ses kömekçisini ulanyp, Google Kartalarda ugur görkezip, programmalary göçürip alyp, Google Play-de aýdym diňläp bilerler. Indi awtoulaglar üçin programmalary başgalar hem döredip bilerler diýip, çeşme belleýär.

22.06.2026 14:34
2.6k+

Koenigsegg-iň Lego kubiklerinden ýasalan nusgasy sagatda 111 km tizlige çykdy

Lego we Koenigsegg kompaniýalary hyzmatdaşlygyň çäginde «Sadair’s Spear» ekstremal trek giperkaryny jikme-jik gaýtalaýan «Koenigsegg Sadair’s Spear Megacar» toplumyny taýýarladylar. Bu ulag markanyň......

21.06.2026 21:15
4.7k+

Toyota rekord derejedäki satuwlara garamazdan, model sanyny azaltmak isleýär

Toyota kompaniýasy rekord derejedäki satuw görkezijilerine garamazdan, awtoulaglaryň model we görnüş sanyny azaltmagy, ünsüni bolsa iň köp isleg bildirilýän hem-de düşewüntli ugurlara gönükdirmegi......

21.06.2026 16:05
3.8k+

Volkswagen-de çökgünlik: ýolbaşçylar kompaniýanyň ýok bolup gitmek howpuny boýun aldy

Germaniýanyň Volkswagen Group awtomobil konserniniň içerki ýagdaýy ýolbaşçylar tarapyndan örän howsalaly diýlip hasaplanýar. Germaniýanyň «Manager Magazin» neşiri kompaniýanyň müdirler geňeşiniň we gözegçilik......

21.06.2026 09:56
6.3k+

Singapurda aşa gara awtomobil boýagy döredildi: ol ýagtylygy doly diýen ýaly özüne siňdirýär

Singapuryň NIPSEA kompaniýasynyň barlagçylary görünýän diapozonda 99,9%-e çenli ýagtylygy özüne siňdirmäge ukyply bolan aşa gara awtomobil örtügini işläp taýýarlady....