«Formula 1-iň» sürüjileri näçe gazanýarlar?

  • 22.02.2021 21:14
  • 11k+

Ýakynda dünýäniň ýedi gezek çempiony Lýuis Hemiltonyň Mercedes topary bilen şertnamasynyň möhletini uzaldandygy mälim boldy. The Sun britan neşiri «Formula 1-iň» şu möwsümde ýaryşa goşuljak 10 sany sürüjisiniň aýlyk haklarynyň jedwelini neşir etdi.
Lýuis sanawda birinji ýerde ýerleşdi. Ol sanawda özünden soňky üç sürüjiniň zähmet hakyny goşanyňdakydan hem köp pul gazanar. Görkezilen pul möçberine goşmaça tölegler we sowgatlyklar girmeýär. Sanawy auto.mail.ru ýetirýär.

1.    Lýuis Hemilton, 36 ýaş, Mercedes topary. Aýlyk haky 40 million funt
2.    Maks Ferstappen, 23 ýaş, Red Bull Racing, 18,2 million funt
3.    Şarl Lekler, 23 ýaş, Ferrari, 10,19 million funt
4.    Daniel Rikkardo, 31 ýaş, McLaren, 10,19 million funt
5.    Karlos Saýns, 26 ýaş, Ferrari, 7,28 million funt
6.    Sebastýan Fettel, 33 ýaş, Aston Martin, 7,28 million funt
7.    Fernando Alonso, 39 ýaş, Alpine, 6,55 million funt
8.    Waltteri Bottas, 31 ýaş, Mercedes, 5,82 million funt
9.    Serhio Peres, 31 ýaş, Red Bull, 4,37 million funt
10.    Kimi Raýkkonen, 41 ýaş, Alfa Romeo, 3,64 million funt

düýn 18:20
3.4k+

Žoze Mourinýu «Real» bilen üçýyllyk şertnama baglaşdy

Žoze Mourinýu Madridiň «Realynyň» baş tälimçisi wezipesine bellenildi. Bu barada ispan klubunyň resmi saýtynda habar berilýär....

düýn 11:10
8.8k+

Dünýä çempionatynyň 1-nji güni: Meksikanyň ynamly ýeňşi we Günorta Koreýanyň kembegi

Açylyş oýunda Meksika milli ýygyndysy Günorta Afrika Resbuplikasynyň ýygyndysyny 2:0 hasabynda ýeňlişe sezewar etdi....

11.06.2026 23:57
3.9k+

«Time» sport äleminde täsiri uly 100 adamyň sanawyny düzdi

«Time» žurnaly sport pudagynda 2026-njy ýylyň täsiri uly 100 şahsyýetiniň sanawyny hödürledi. Bu reýtinge diňe bir häzirki wagtda çykyş edýän meşhur türgenler we tejribeli tälimçiler däl, eýsem sport......

11.06.2026 16:18
12k+

DÇ-2026-nyň iň ýokary zähmet hakyny alýan futbolçylary we tälimçileri

Futbol boýunça dünýä çempionaty Ýer ýüzüniň iň güýçli oýunçylaryny bir ýere jemleýär. ABŞ-da, Kanadada we Meksikada geçirilýän bu gezekki ýaryşa 48 sany milli ýygyndy geldi we olaryň her biri öz düzümine 26......