Gyşky teker şinalarynyň könelmeginiň öňüni almak boýunça maslahatlar

  • 20.02.2021 23:45
  • 12k+

Sürüjiler şinalaryň könelişini hemişe gözegçilikde saklamaly. Sebäbi endigan bolmadyk könelme howpsuzlyga täsir edýär we goşmaça maliýe çykdajylaryna sebäp bolup biler. Bu barada autoconsulting.ua habar berdi.

Şunuň bilen baglylykda, Nokian Tyres kompaniýasy öň we yzky şinalaryň köneliş tizliginiň tapawudyny kesgitledi. Tmcars.info çeşmä salgylanyp, olaryň köneliş tizligini haýallatmak boýunça maslahatlary size ýetirýär:
- Öň we yzky şinalary wagtal-wagtal çalşyp duruň. Iň bolmanda, her 10,000 km-den.
- Birden tormoz bermekden, birden bat almakdan we ruly birden burmakdan gaça duruň.
- Şinalaryňyzyň basyşynyň dogrudygyna göz ýetiriň. Gyş aýlarynda şinalary öndürijiniň maslahat bereninden 0,2 bar köp ýelläň. Basyşy mydama şinanyň sowuk mahaly barlaň.
- Şinalary günüň göni düşýän ýerlerinde saklamaň.
- Şinany oturtmak üçin hünärmen bilen habarlaşanyňyzda, tekerleriňiziň ýagdaýyna baha bermegini haýyş ediň.

düýn 14:34
1.7k+

Koenigsegg-iň Lego kubiklerinden ýasalan nusgasy sagatda 111 km tizlige çykdy

Lego we Koenigsegg kompaniýalary hyzmatdaşlygyň çäginde «Sadair’s Spear» ekstremal trek giperkaryny jikme-jik gaýtalaýan «Koenigsegg Sadair’s Spear Megacar» toplumyny taýýarladylar. Bu ulag markanyň......

21.06.2026 21:15
4.1k+

Toyota rekord derejedäki satuwlara garamazdan, model sanyny azaltmak isleýär

Toyota kompaniýasy rekord derejedäki satuw görkezijilerine garamazdan, awtoulaglaryň model we görnüş sanyny azaltmagy, ünsüni bolsa iň köp isleg bildirilýän hem-de düşewüntli ugurlara gönükdirmegi......

21.06.2026 16:05
3.5k+

Volkswagen-de çökgünlik: ýolbaşçylar kompaniýanyň ýok bolup gitmek howpuny boýun aldy

Germaniýanyň Volkswagen Group awtomobil konserniniň içerki ýagdaýy ýolbaşçylar tarapyndan örän howsalaly diýlip hasaplanýar. Germaniýanyň «Manager Magazin» neşiri kompaniýanyň müdirler geňeşiniň we gözegçilik......

21.06.2026 09:56
5.9k+

Singapurda aşa gara awtomobil boýagy döredildi: ol ýagtylygy doly diýen ýaly özüne siňdirýär

Singapuryň NIPSEA kompaniýasynyň barlagçylary görünýän diapozonda 99,9%-e çenli ýagtylygy özüne siňdirmäge ukyply bolan aşa gara awtomobil örtügini işläp taýýarlady....