Özbegistan mart aýynda “Sputnik V” bilen köpçülikleýin sanjyma başlar

  • 19.02.2021 14:55
  • 8.5k+

Özbegistan Russiýanyň “Sputnik V” sanjymynyň million dozasyny almakçy bolýar. Daşkent 28 ýurtda tassyklanan koronawirusa garşy rus sanjymynyň köpçülikleýin ulanylmagyny tassyklady. Bu barada ORIENT habar berýär.

Russiýanyň Göni maýa goýum gaznasynyň baş müdiri Kiril Dmitriýew  “Sputnik V” sanjymynyň Özbegistana iberilmegi ýurtda COVID-19-yň öňüni almak üçin möhüm ädim bolar diýip hasaplaýar. Özbegistanda koronawirusa garşy sanjym kampaniýasyny mart aýynyň ortalarynda başlamak meýilleşdirilýär. 2021-nji ýylyň ahyryna çenli 7 million adama ýa-da Özbegistanyň ilatynyň 20%-ine sanjym ediler. Ilkibaşda 2021-nji ýylyň iýun aýyna çenli respublikanyň ilatynyň 60%-ine sanjym etmek meýilleşdirilipdi, ýöne sanjymlaryň ýetmezçiligi muny etmäge mümkinçilik bermeýär. Daşkent dünýäniň 12 sany sanjym öndürijisi bilen gepleşik geçirýär.
Rus sanjymynyň ilkinji ýüz dozasy Daşkende 2020-nji ýylyň dekabr aýynyň başynda iberildi. Şeýle-de, Russiýanyň ikinji sanjymy bolan “EpiWakKorona” bilen üpjün etmek barada şertnama baglaşylmagyna garaşylýar.
“Sputnik V” sanjymynyň ulanylmagy Russiýadan başga-da, Argentinada, Alžirde, Ermenistanda, Belarusda, Boliwiýada, Bahreýnde, Wengriýada, Wenesuelada, Serbiýada, Palestinada, Paragwaýda, Türkmenistanda, BAE-de, Eýranda, Gwineýada, Tunisde, Liwanda, Meksikada, Mýanmada, Mongoliýada, Nikaraguada, Pakistanda, Çernogoriýada, Gabonda we beýleki döwletlerde tassyklandy.

düýn 23:49
223

Ýewropada Alsgeýmer keselini anyklamak üçin täze gan barlagy tassyklanyldy

Şweýsariýanyň Roche derman senagaty kompaniýasy Alsgeýmer keselini anyklamak we inkär etmek üçin «Elecsys pTau217» gan barlagyny ulanmaga Ýewropadan rugsat aldy....

11.05.2026 23:10
2.8k+

ABŞ-da bäş aýlyk çagada Kanawan keselini bejermek boýunça seýrek operasiýa geçirildi

ABŞ-da seýrek duş gelýän neslegeçiji keselleriň biri bolan Kanawan keselinden ejir çekýän irlandiýaly bäbekde synag görnüşindäki gen terapiýasy amala aşyryldy. Bu ädim dünýäde şular ýaly ilkinji lukmançylyk......

10.05.2026 18:46
4k+

BSGG-niň ýolbaşçysy hantawirusy pandemiýa bilen deňeşdirmezlige çagyrdy

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň (BSGG) baş direktory Tedros Gebreýesus hantawirusyň COVID-19 pandemiýasy ýaly uly howp döretmeýändigini resmi taýdan mälim etdi....

08.05.2026 22:15
7.6k+

ABŞ-da heniz dünýä inmedik çaga operasiýa edilip, ýene ene göwresine ýerleşdirildi

Amerikanyň Florida ştatynda lukmanlar göwrelilik döwründe çaganyň bedeninde örän seýrek duş gelýän operasiýany amala aşyrdylar....