HBS: Serhio Ramos Madridiň "Realyny" terk eder

  • 16.02.2021 13:53
  • 12k+

Köpçülikleýin habar beriş serişdeleri Madridiň "Realynyň" goragçysy Serhio Ramosyň ispan futbol klubundan gitjekdigi barada ýazýarlar. Bu barada "El Chiringuito" ýaýlymynyň žurnalisti Hosep Pedrerola salgylanyp, rsport.ria.ru habar berýär.

"Ol gidýär. Esasy sorag onuň gitjekdigi we nirä gitjekdigi barada haçan mälim etjekdiginde" - diýip, Pedrerol belleýär.

Ramos 2005-nji ýyldan bäri Madridiň "Realynda" çykyş edip gelýär. Klubuň düzüminde ol dört gezek Çempionlar ligasynda, bäş gezek Ispaniýanyň çempionatynda, iki gezek ýurduň kubogynda, üç gezek UEFA-nyň Super kubogynda we dört gezek Klublaýyn dünýä çempionatynda ýeňiji boldy.
Ramosyň Madridiň "Realy" bilen şertnamasy 2021-nji ýylyň 30-njy iýunynda tamamlanýar.

düýn 14:15
9.4k+

Dünýä çempionaty – 2026-nyň 12-nji güni: Messi – çempionatyň iň gowy bombardiri, 4 oýunçynyň birbada dubly

2026-njy ýyldaky futbol boýunça dünýä çempionatynda toparçalaýyn tapgyryň ikinji duşuşyklary dowam edýär. Ýaryşyň 12-nji gününde dört futbolçy – Lionel Messi, Kilian Mbappe, Erling Holand we Ismaila Sarr dubl......

22.06.2026 22:55
4.7k+

Gazagystan figuralaýyn typmak boýunça iň iri ýaryşlaryň birini geçirmek hukugyny aldy

Astana şäheri taryhda ilkinji gezek figuralaýyn typmak boýunça Dört yklymyň çempionatyny kabul eder. Halkara konkide typyjylaryň birleşiginiň (ISU) beren maglumatyna görä, bu halkara ýaryş 2027-nji ýylyň......

22.06.2026 17:52
4.5k+

Ulan-Batordaky ýaryş jemlendi: dzýudoçy Maýsa Pardaýewa bürünç medal gazandy

Türkmen dzýudoçysy Maýsa Pardaýewa 2028-nji ýylda Los-Anjelesde geçiriljek Olimpiýa oýunlaryna saýlama tapgyrynyň ilkinji tapgyry bolan Ulan-Batordaky «Uly tuwulga» ýaryşynda 57 kg çenli agram derejesinde......

22.06.2026 15:58
12k+

DÇ-2026: üçünji orny alan toparlardan haýsysy 1/16 finala çykar? Geliň, düşünişeliň!

2026-njy ýyldaky dünýä çempionatynda ilkinji gezek 48 ýygyndy çykyş edýär. Ýaryşyň giňeldilen tertibi sebäpli, pleý-off tapgyryna (1/16 finala) 32 topar çykar. Indiki tapgyra gatnaşmak hukugyny 12 toparçanyň......