Grammatiki çaklamalar adamlara çalt okamaga kömek edýär

  • 15.02.2021 16:53
  • 5.6k+

Rus psiholingwistleri adamlaryň okaýan wagtlarynda diňe belli sözleri däl-de, eýsem, sözleriň grammatiki aýratynlyklaryny hem çaklap biljekdigini anykladylar. Bu olara has çalt okamaga mümkinçilik berýär. 

Alymlaryň pikiriçe, adamlaryň aglabasy, olaryň beýnisi okalýan sözlemde haýsy sözleriň peýda bolup biljekdigini öňünden kesgitlemäge synanyşýandygy sebäpli örän çalt okaýarlar. Şonuň netijesinde beýni kabul edilýän maglumatlary, çaklama bilen bölekleýin gabat gelýän bolsa-da, çalt işleýär. Bu barada nauka.tass.ru belleýär.
Ýakynda alymlar şeýle çaklamalarda beýniniň diňe belli sözleri däl, eýsem, olaryň aýratyn alamatlary barada maglumatlary, mysal üçin, sözüň haýsy bölegine degişlidigini hem ulanyp biljekdigini anykladylar. Alymlar iş üçin 144 sözlem taýýarlap, olaryň hersinden bir sözi aýyrdylar. Tejribä gatnaşyjylar bu sözi bilmeli boldular. Alymlar 600 meýletinçiden ybarat topary ýygnap, olara sözlemdäki näsazlyklary doldurmagy tabşyrdylar, şondan soň ýygnalan jogaplary sözleriň saýlanmagynyň tapawudyny we olaryň grammatiki aýratynlyklaryny göz öňünde tutmak bilen seljerdiler. Netijede, adamlaryň sözi, takmynan, 18% ýagdaýda takyk çaklap bilýändigi anyklandy.
Söz bölekleri we sözleriň morfologiki alamatlary tejribä gatnaşyjylar tarapyndan 63-den 78%-e çenli bilinýär. Meýletinçileriň okaýan wagtynda göz hereketlerine gözegçilik işi maglumaty özleşdirme tizliginiň tejribä gatnaşyjylaryň söz böleklerini, jynsyny, atlaryň sanyny we tejribäniň birinji böleginde goýberlen sözleriň beýleki grammatiki aýratynlyklaryny näderejede bilýändiklerine gönüden-göni baglydygyny görkezdi.

düýn 18:30
5.6k+

«Ermak» Germaniýada 50 brendiň arasynda birinji orny eýeledi!

Özbegistanyň «Ermak» brendi dünýä bazarynda ornuny berkitmegini we gerimini barha giňeltmegini dowam edýär....

30.04.2026 17:30
4.7k+

Nyrhlar kanagatlanarly dälmi? 📈ALSAT-da gowy çözgüt bar

Söwdada bazar nyrhyny kesgitlemegiň gysgaça taryhy we näme üçin akylly satyn alyş toparlary diňe görkezilen bahalara seredip, sypaýylyk bilen gynanyp ýörýänligi hakda...

27.04.2026 10:50
12k+

Saýawany taýýarlaberiň – bize ýagynly hepde garaşýar: howa maglumaty

Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň ýurdumyzda şu hepdäniň dowamynda boljak howanyň ýagdaýy barada berýän maglumaty....

22.04.2026 18:06
75k+

«Onlaýn hyzmatda» aprel täzelenmeleri: keşbek mümkinçiligi giňeldildi

Aprel aýy tamamlanyp barýar, diýmek, öý interneti (AŞTU, Türkmentelekom), ykjam aragatnaşyk (TmCell), IPTV, Älem TV, Belet hyzmatlarynyň töleg wagty ýetip geldi....