Täjigistanda 6,1 magnitudaly ýer titreme bolup geçdi

  • 13.02.2021 18:27
  • 20k+

Anna güni agşam Täjigistanyň gündogarynda 6,1 magnitudaly ýer titremesi hasaba alyndy, diýip Täjigistanyň Ylymlar akademiýasynyň seýsmiki gullugyna salgylanyp, RIA Nowosti habar berýär.

Maglumatlara görä, ýer titreme ýerli wagt bilen 22.14-de bolup geçipdir.

«6,1 magnitudaly ýerasty yrgyldylar Täjigistanyň Murgap etrabynda bolup geçdi. Ol Duşenbeden 700 kilometr gündogarda we Murgabyň etrap merkezinden 25 kilometrlikde bolup geçdi» - diýip agentlik habar berýär.

Bellenilişi ýaly, Täjigistanyň paýtagtynda 3-4 magnitudaly ýer titremesi hasaba alnypdyr. Adatdan daşary ýagdaýlar boýunça geňeşiň maglumatlaryna görä, ýer titremäniň pidasy ýa-da ýumrulmalary ýok.
Ýewropa-Ortaýerdeňzi seýsmologiýa merkeziniň (EMSC) maglumatlaryna görä, ýer titremäniň ojagy 80 kilometr çuňlukda ýerleşipdir. Mümkin bolan ejir çekenler ýa-da ýumrulmalar barada maglumatlar heniz ýok.

25.06.2026 12:37
7.1k+

Wenesuelada iki güýçli ýer titremesi boldy

24-nji iýunda Wenesuelada 7,2 we 7,5 bal güýjünde iki güýçli ýer titremesi bolup, Karakasda we ýurduň beýleki ýerlerinde uly ýitgiler boldy. Häkimiýetler adatdan daşary ýagdaý yglan etdiler. Ölenleriň we......

24.06.2026 18:53
12k+

Tebigy hadysalar taryhy täzeden ýazanda: dünýäni üýtgeden 5 tebigy betbagtçylyk

Tebigy betbagtçylyklar adatça uly möçberli weýrançylyklar bilen utgaşyp gelýär. Emma taryh olaryň käbirleriniň has köp zada ukyplydygyny görkezýär - olar adamzadyň ösüşiniň ugruny üýtgedip hem bilerler....

24.06.2026 09:31
6.6k+

Seýsmologlar: 2011-nji ýyldaky ýertitreme Ýaponiýany 6 mm gündogara süýşürdi

Seýsmologlaryň halkara topary 2011-nji ýyldaky Beýik gündogar ýapon ýertitremesiniň ýetiren adatdan daşary bir täsirini ýüze çykardy. «Science» žurnalynda neşir edilen ylmy barlag esasy sarsgyndan birnäçe......

20.06.2026 14:57
7.5k+

Kamçatkanyň kenarýakalarynda bir gije-gündizde 30-dan gowrak ýertitreme boldy

Kamçatkanyň gündogar kenarýakasynyň çäklerinde 19-njy we 20-nji iýunda magnituda güýji 6,9-a çenli ýeten yzygiderli ýer titremeleri hasaba alyndy....