Alymlar: Haýal semreýän adamlar beýlekilere görä has uzak ýaşaýarlar

  • 10.02.2021 18:16
  • 15k+

ABŞ-nyň Ogaýo ştatynyň uniwersitetiniň, Miçigan uniwersitetiniň we Maks Plank Jemgyýetçiliginiň demografiýa institutynyň işgärleri 4500-den gowrak uly ýaşly adamlaryň we olaryň 3700-den gowrak çagalarynyň saglyk taryhyny seljerdiler. Lukmançylyk ýazgylary 1948-nji ýyldan 2014-nji ýyla çenli döwürleri öz içine alýar diýip, nkj.ru habar berdi.

Ylmy gözleg birbada iki nesli deňeşdirmäge mümkinçilik berdi. Her nesil 31 ýaşdan 80 ýaşa çenli analiz edildi. Ylmy işiň awtorlary, esasan, adamyň agramynyň boýuna laýykdygyny, artykmaçdygyny ýa-da tersine - aşa hordugyny görkezýän bedeniň agram indeksi bilen gyzyklandylar. Mälim bolşy ýaly, bedeniň agram indeksi, mundan başga-da, semizlik bilen artykmaç agramy tapawutlandyrmaga hem mümkinçilik berýär.
Ylmy barlagyň netijesine görä, kämillik ýaşyna kadaly agramda ýeten we ýaşy gaýdyşdygyça agramy kem-kemden artan, ýöne semizlik derejesine ýetmedik adamlar has uzak ýaşapdyrlar. Olardan soň bütin ömrüne kadaly agramyny saklan adamlar orun aldy. Üçünji ýeri ömrüniň dowamynda hemişe artykmaç agramda bolanlar we bütin ömrüne kadaly agramyň iň pes çäginden gezenler (hor, ýöne aç-açan patologiýasy bolmadyk) eýeledi.
Bulardan soň kämillik ýaşyna artykmaç  agram bilen ýetip, ýaşynyň gaýdyşmagy bilen horlanan adamlar ýerleşdi. Iň soňunda 31 ýaşyna çenli eýýäm semiz bolup, ýaşy ulaldygyça agramy has-da artan adamlar beýlekilerden has az ýaşapdyrlar diýlen netijä gelindi.
Adamlaryň beden agramy ömrüň dowamynda dürli ýagdaýda üýtgeýär. Kimler ýaşlygynda semiz bolup, soň horlanyp bilýärler; kimler ýaşy ulaldygyça semreýärler; kimler bolsa ömrüniň dowamynda şol bir agramda galýarlar. Ylmy barlagçylaryň maksady ömrüň dowamlylygynyň beden agramynyň dinamikasy bilen baglanyşygyna düşünmekden ybarat boldy.

şu gün 13:52
672

«Bereketli Döwür» Italiýada, Kanadada we Rumyniýada okamak isleýänlere ýardam berýär

Daşary ýurtda bilim almak – elýetmez arzuw däl. Emma uly abraýly, dünýä belli uniwersitetlere okuwa girmek dalaşgärler üçin henizem çylşyrymly bir zat bolup görünýär. «Bereketli Döwür Education & Consulting»......

düýn 21:10
3.1k+

«KompleMet» markaly dökünler Türkmenistanyň bazarynda gerimini giňeldýär

«KompleMet» markasynyň organiki-mineral dökünleri Türkmenistanyň bazarynda gerimini giňeldýär....

düýn 09:43
8.3k+

Türkmenistanda hepdelik howa maglumaty: maý aýy bizi tomusa taýýarlaýar

Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa gullugy ýurdumyzda şu hepdäniň dowamynda boljak howanyň ýagdaýy barada maglumat berdi....

04.05.2026 12:44
6k+

Şu hepde howa +39°С-a çenli yssy we az-kem ygally bolar

Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa gullugy şu hepde üçin howa maglumatyny hödürledi. Sinoptikleriň çaklamalaryna görä, bir hepdäniň dowamynda ygal mukdary 6,0 mm-den köp......