Kanagatlandyryş derejesi boýunça iň gowy awtomobiller belli edildi

  • 07.02.2021 23:39
  • 20k+

“Consumer Reports” amerikan neşiri alyjylaryň kanagatlanma derejesi boýunça awtomobil brendlerini sanawda ýerleşdirdi. Pikir soraşma ulaglaryny 5 şert boýunça bahalandyran 369 müň adam gatnaşdy. Bu barada tarantas.news habar berýär.

Ulaglaryň bahalandyrylan ölçeglerine sürüjilik lezzeti, rahatlyk (ses derejesi we hereketiň birsydyrgynlylygy), elektronika işi, salon sygymy we bahalaryň laýyklygy degişli boldy.
Bu pikir soraşmanyň netijesinde birinji orny diňe sürüjilik lezzeti üçin 5 bal alandygyna garamazdan, Tesla eýeledi. Elektrik ulaglarynyň rahatlygyny we elektronika işini ulag eýeleri 4 bal, salon sygymyny 3 bal bilen bahalandyrdylar. Baha/hil kategoriýasynda Tesla 1 bal aldy.
2/3/4-nji orunlar Lincoln, Ram we Chrysler modellerine degişli boldy. Bularyň üçüsine-de elektronika üçin 3 bal berildi, ýöne dolandyryş we rahatlyk 5 bal bilen bahalandyryldy. Liderleriň bäşligini hiç bir kategoriýada 5 bal almadyk we multimedia ulgamy üçin 1 bal gazanan Subaru jemleýär.
Ýakynda dünýäde iň uly ulag öndürijisi diýlip ykrar edilen Toyota kompaniýasy bu sanawda 10-njy orny eýeledi. Onuň gowşak tarapy multimedia ulgamy, güýçli tarapy dolandyryş boldy. Sanawa Cadillac, Nissan we Infiniti hem girdi. Ulag eýeleri Infiniti-niň elektronikasyna nägilelik bildirdiler we ýapon markalarynyň awtomobilleriniň gymmatdygyny bellediler.

şu gün 12:41
903

Hyundai gyzmak howpy sebäpli 54 müňden gowrak Elantra Hybrid ulagyny yzyna çagyrýar

Hyundai kompaniýasy gibrid güýç gurluşyny dolandyryş ulgamyndaky mümkin bolan mesele sebäpli ABŞ-da 2024–2026-njy ýyl modellerine degişli 54 337 sany Elantra Hybrid gibrid sedanlaryny yzyna çagyrýandygyny......

düýn 10:57
2.4k+

Emeli aň BMW-e wirtual kraş-testleri geçirmäge we heläkçilikleri modelirlemäge kömek eder

BMW Group awtomobil konserni wirtual kraş-testleriň we heläkçilikleriň kompýuter modelirlemesiniň prosesine emeli aň tehnologiýalaryny ornaşdyrmak üçin Fransiýanyň Mistral AI kompaniýasy bilen strategik......

düýn 09:51
2.2k+

Kia-nyň dizaýnerleri täze ulaglary döretmek işinde Apple Vision Pro-ny ulanyp başlady

Kia awtomobil brendi özüniň dizaýn studiýalarynda Apple Vision Pro garniturasyny hemişelik iş guraly hökmünde ulanyp başlady. Bu bolsa ulaglary döretmek işini çaltlandyrmaga mümkinçilik berýär....

31.05.2026 16:54
4.3k+

Nissan boýaýjy sehleriň galyndylaryny ulanmagyň usulyny tapdy: galyndyny ses izolirleýjä öwürýär

Nissan kompaniýasy Takayama Group bilen hyzmatdaşlykda boýag önümçiliginiň galyndylaryny gurluşyk senagaty üçin ses izolirleýji materiallara gaýtadan işlemäge başlady....