Günüň reňki nähili?

  • 07.02.2021 16:17
  • 19k+

“Gün nähili reňkde?” diýen soragyň jogaby hemmelere gyzykly bolsa gerek. Biz Günüň reňkini sary diýip bilýäris. Ýöne bu, hakykatdanam, şeýlemi? 

Hakykatda, Gün ak reňkde. Onuň täsirli temperaturasy (ýagtylygy) 5780 Kelwin bolup, bu ýyldyzyň ak reňkde şöhle saçmagyna sebäp bolýar. Has sowuk ýyldyzlar gyzyl, has gyzgyn ýyldyzlar gök görünýär. Ýöne ýyldyzyň şöhleleri Ýere ýetende, birneme sarymtyl reňke eýe bolýarlar diýip, popmech.ru belleýär.
Sebäbi Gün görünýän spektriň ähli reňklerini şöhlelendirýär we gamma şöhlelerinden başga elektromagnit tolkunlarynyň ähli ýygylyklaryny çykarýar. Görünýän elektromagnit spektriniň aşaky ujundaky fotonlar (bu sary, mämişi, gyzyl, olar uzyn tolkunlara eýe) aňsat ýaýradylmaýar, ýöne ýokarky spektriň fotonlary (ultramelewşe, gök, ýaşyl – gysga tolkunlar) aňsat ýaýraýar. Ýeriň atmosferasy spektriň sary-gyzyl böleginden has uzyn tolkunlary goýberip, ýagtylygy “süzýär”.
Gün özüniň sarymtyl öwüşginini atmosferadaky hapalar sebäpli alýar, bu dargamak täsirini güýçlendirýär, şonuň üçin asmanyň arassa we bulutsyz ýeri bolan çölde ýyldyz ak görünýär. 
Köplenç, Gün doganda we şapakda ony oduň reňkinde görmek bolýar. Bu wagt Gün gözýetime ýakyn gelýär we ýagtylyk köp mukdardaky atmosfera molekulalaryndan geçmeli bolýar. 
Güni hakyky reňkinde diňe kosmosda görmek bolýar, sebäbi bu ýerde ýagtylyk fotonlary hiç zat bilen täsirleşip bilmeýär.

düýn 10:50
9.5k+

Saýawany taýýarlaberiň – bize ýagynly hepde garaşýar: howa maglumaty

Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň ýurdumyzda şu hepdäniň dowamynda boljak howanyň ýagdaýy barada berýän maglumaty....

22.04.2026 18:06
64k+

«Onlaýn hyzmatda» aprel täzelenmeleri: keşbek mümkinçiligi giňeldildi

Aprel aýy tamamlanyp barýar, diýmek, öý interneti (AŞTU, Türkmentelekom), ykjam aragatnaşyk (TmCell), IPTV, Älem TV, Belet hyzmatlarynyň töleg wagty ýetip geldi....

13.04.2026 17:59
4.9k+

«Gül Mebel» 30% arzanladyş yglan edýär

Öýüňiziň interýerini täzelemek isleýäňizmi? Onda siziň üçin gowy habar! «Gül Mebel» dükanynda 30% ARZANLADYŞ dowam edýär....

06.04.2026 11:49
18k+

Türkmenistanda howa maglumaty: bahar paslynyň oýny

Şu hepde meteorologlar Türkmenistanda hepdäniň başynyň ýagyşly we şemally boljakdygyny çaklaýar. Emma hepdäniň ikinji ýarymy gurak we maýyl bolar....