Alymlar häzirki klimaty 12 müň ýylyň içindäki iň yssy klimat diýlip ykrar etdiler

  • 04.02.2021 16:01
  • 12k+

Amerikanyň Rutgers uniwersitetiniň ylmy barlagçylar topary Ýer ýüzündäki häzirki temperaturanyň soňky 12 müň ýylyň içinde iň ýokary temperaturadygyny mälim etdiler. Ylmy işiň materiallary “Nature” žurnalynda çap edildi diýip, csn-tv.ru habar berdi.

Mundan öň Ýerdäki temperatura 12 müň ýyl ozal, ýagny soňky buz eýýamy gutarandan soň ýokarlanyp başlady we 6 müň ýyl ozal iň ýokary derejesine ýetdi diýlip hasaplanylýardy. Soňky ylmy barlaglaryň netijesine görä, 6 müň ýyl mundan ozal iň ýokary derejesine ýetenden soň howanyň temperaturasy peselmändir we ýokarlanmagy dowam edipdir.

"Häzir öňki görkezijileriň tersine, geçen 12 müň ýylda dünýädäki ortaça ýyllyk temperaturanyň ýokarlanandygyna şaýat bolýarys" - diýip, ylmy gözlegiň ýolbaşçysy Samanta Bowa belleýär.

Temperaturanyň tebigy taýdan ýokarlanýandygyna garamazdan, adamyň işjeňliginiň hem bu prosesiň çaltlaşmagyna goşant goşýandygy bellenilýär. Dünýä alymlary munuň buzluklaryň eremegine getirip biljekdigi barada aýdýarlar.

10.04.2026 16:10
5.9k+

Hemra suratlarynyň geliş tizligi birnäçe minuta çenli gysgaldy

Hemra operatorlary Ýeriň şekillerini surata alanlaryndan soň birnäçe minutyň içinde ibermäge başladylar. Vantor kompaniýasynyň WorldView Legion hemrasy tarapyndan geçirilen tehnologiýa görkezilişi, iki ýyl......

09.04.2026 09:31
3.9k+

Ýapon fizikleri hiç haçan solmaýan suratlary çap etmegi öwrendiler

Ýaponiýaly alymlaryň topary kremniý nanosferaly ýörite boýaglary ulanyp, gurluşly reňkler bilen çap etmek usulyny işläp düzdi. Bu tehnologiýa Advanced Materials žurnalynda beýan edildi....

08.04.2026 14:38
6.4k+

Bulary biz hiç wagt görmändik: NASA Aýyň arka tarapyndan pursatlary görkezdi

Aeronawtika we kosmos giňişligini öwrenmek boýunça milli müdirlik (NASA) Artemis II missiýasynyň dowamynda «Orion» kosmos gämisi bilen Aýyň daşyndan aýlanyp çykylan wagty alnan özboluşly fotosuratlary we......

07.04.2026 19:02
5.1k+

Biologlar gurbaganyň çagasyny arkasynda göterýän täze görnüşini tapdylar

Demirgazyk Peruwyň daglarynda gurbaganyň Gastrotheca mittaliiti diýlip atlandyrylan, torbaly täze görnüşi tapyldy we beýan edildi. Olaryň tapawutly aýratynlygy çagalaryny arkasyndaky ýörite deri torbada......