“Marseliň” janköýerleri toparyň bazasyna girip, ýangyn döretdiler we oýunçyny ýaraladylar

  • 31.01.2021 23:46
  • 8.6k+

Şenbe güni “Marseliň” iki ýüz töweregi janköýeri klubuň gowşak çykyşlaryna gahar edip, onuň türgenleşik bazasyna hüjüm etdi. Netijede, bir futbolçy ýaralandy, bazanyň golaýynda ýangyn boldy, janköýerler bilen hukuk goraýjy edaralarynyň işgärleriniň arasynda bolan çaknyşykda üç polisiýa işgäri zyýan çekdi. Bu barada championat.com saýty habar berýär.

Waka Fransiýanyň çempionatynyň çäginde ak-gökleriň “Renne” garşy duşuşygynyň başlamazyndan birnäçe sagat öň bolup geçdi. Netijede, duşuşygy näbelli möhlet bilen yza süýşürmeli boldy.
“Marseliň” muşdaklary şeýle gahary toparyň netijelerine nägilelik bilen düşündirýärler. Fransiýanyň çempionatynyň 20 tapgyryndan soň “Marsel” turnir sanawynda ýedinji orny eýeleýär, möwsümiň başynda ol birinji setire dalaş edipdi. Topar soňky dört oýunda, şol sanda Fransiýanyň Superkubogy üçin “Pari Sen-Žermene” garşy oýunda hem ýeňildi.
Mundan başga-da, topar häzirki möwsümiň Çempionlar ligasynda hem bary-ýogy üç utuk gazanyp, toparçada “Mançester Sitiden”, “Portudan” we “Olimpiakosdan” soň ahyrky dördünji orny eýeledi.
“Marseliň” ýolbaşçylygy wandalizmi ýazgaryp, resmi beýan bilen çykyş etdi. Willaş-Boaş ýakyn wagtda işden çykyp biljekdigini aýtdy. 

“Men iýun aýynda klubdan giderin diýip pikir edýärin, bu gowusy. Häzirki ýagdaýy nazara alsaň, bu soňy bolsa gerek” – diýip, portugaliýaly hünärmen aýtdy.

Fransuz metbugatynyň maglumatlaryna görä, Willaş-Boaşyň ornuna Dortmundyň “Borussiýasyna” ýolbaşçylyk eden şweýsariýaly Lýusýen Fawr çagyrylyp bilner. 

düýn 22:55
1k+

Gazagystan figuralaýyn typmak boýunça iň iri ýaryşlaryň birini geçirmek hukugyny aldy

Astana şäheri taryhda ilkinji gezek figuralaýyn typmak boýunça Dört yklymyň çempionatyny kabul eder. Halkara konkide typyjylaryň birleşiginiň (ISU) beren maglumatyna görä, bu halkara ýaryş 2027-nji ýylyň......

düýn 17:52
2.5k+

Ulan-Batordaky ýaryş jemlendi: dzýudoçy Maýsa Pardaýewa bürünç medal gazandy

Türkmen dzýudoçysy Maýsa Pardaýewa 2028-nji ýylda Los-Anjelesde geçiriljek Olimpiýa oýunlaryna saýlama tapgyrynyň ilkinji tapgyry bolan Ulan-Batordaky «Uly tuwulga» ýaryşynda 57 kg çenli agram derejesinde......

düýn 15:58
7.8k+

DÇ-2026: üçünji orny alan toparlardan haýsysy 1/16 finala çykar? Geliň, düşünişeliň!

2026-njy ýyldaky dünýä çempionatynda ilkinji gezek 48 ýygyndy çykyş edýär. Ýaryşyň giňeldilen tertibi sebäpli, pleý-off tapgyryna (1/16 finala) 32 topar çykar. Indiki tapgyra gatnaşmak hukugyny 12 toparçanyň......

düýn 14:40
2.7k+

UFC amerikan harby gullukçylary üçin ýaryş geçirmegi meýilleşdirýär

UFC-niň prezidenti Dana Waýt ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp bilen bilelikde harby gullukçylar üçin ýaryş geçirmek meýilleri barada mälim etdi....