Awtoulag duralgada goýlanda köplenç ýol berilýän ýalňyşlyk

  • 29.01.2021 10:18
  • 20k+

Käbir awtoulag sürüjileriniň goýberýän iň howply ýalňyşlyklaryndan biri — awtoduralgada ulaglaryny tekerleri gapdala öwrülen ýagdaýda galdyrmagydyr. Bu barada "AwtoSpecTsentr" toparynyň satuwdan soňky hyzmat bölüminiň müdiri Igor Serebrýakow 1prime.ru aýtdy.
Hünärmeniň pikiriçe, awtoulagy duralgada şeýle goýmak tekeriň hemişelik tizlik bogunlarynyň ömrüni azaldar. Awtoulagy şeýle goýmagyň kuwwatly rul (GUR) bilen enjamlaşdyrylan awtoulaglary hatardan çykarýandygy bellendi.
Awtoulag şeýle görnüşde goýlanda ýüze çykýan ýene bir mesele - güýçlendiriji nasosa düşýän ýüküň artmagy, netijede bolsa ýag turbalarynyň zaýalanmagydyr. Hünärmeniň sözlerine görä, olar ilki jaýrylyp başlaýarlar we ahyrynda ýarylýarlar.
Serebrýakowyň pikiriçe, munuň öňüni almak üçin, awtoulagy öçürmezden ozal tekerleriň ýagdaýyny barlamaly. Tekerler hemişe göni bolmaly diýip, hünärmen tekrarlaýar.

düýn 14:34
2.4k+

Koenigsegg-iň Lego kubiklerinden ýasalan nusgasy sagatda 111 km tizlige çykdy

Lego we Koenigsegg kompaniýalary hyzmatdaşlygyň çäginde «Sadair’s Spear» ekstremal trek giperkaryny jikme-jik gaýtalaýan «Koenigsegg Sadair’s Spear Megacar» toplumyny taýýarladylar. Bu ulag markanyň......

21.06.2026 21:15
4.5k+

Toyota rekord derejedäki satuwlara garamazdan, model sanyny azaltmak isleýär

Toyota kompaniýasy rekord derejedäki satuw görkezijilerine garamazdan, awtoulaglaryň model we görnüş sanyny azaltmagy, ünsüni bolsa iň köp isleg bildirilýän hem-de düşewüntli ugurlara gönükdirmegi......

21.06.2026 16:05
3.7k+

Volkswagen-de çökgünlik: ýolbaşçylar kompaniýanyň ýok bolup gitmek howpuny boýun aldy

Germaniýanyň Volkswagen Group awtomobil konserniniň içerki ýagdaýy ýolbaşçylar tarapyndan örän howsalaly diýlip hasaplanýar. Germaniýanyň «Manager Magazin» neşiri kompaniýanyň müdirler geňeşiniň we gözegçilik......

21.06.2026 09:56
6.2k+

Singapurda aşa gara awtomobil boýagy döredildi: ol ýagtylygy doly diýen ýaly özüne siňdirýär

Singapuryň NIPSEA kompaniýasynyň barlagçylary görünýän diapozonda 99,9%-e çenli ýagtylygy özüne siňdirmäge ukyply bolan aşa gara awtomobil örtügini işläp taýýarlady....