BSGG türgenlere nobatdan daşary sanjym edilmegine garşylyk bildirdi

  • 27.01.2021 23:42
  • 8.1k+

Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň (BSGG) adatdan daşary ýagdaýlar boýunça maksatnamasynyň ýerine ýetiriji direktory Maýkl Raýan türgenlere koronawirusa garşy sanjymy ilkinji bolup etdirmek hukugyny bermezlige çagyrdy. Ol şeýle beýanat bilen metbugat ýygnagynda çykyş etdi diýip, aif.ua habar berdi.

"COVID-19-a garşy sanjymy saglygy goraýyş işgärleriniň, garrylaryň we ilatyň koronawirusa garşy has ejiz bolan beýleki gatlaklarynyň almagy hökmandyr"-diýip, Raýan metbugat ýygnagynda nygtady. Ol häzir waksinanyň has mätäçleri üpjün etmek üçin hem ýeterlik däldigini aýtdy.

Şol bir wagtyň özünde, Raýan munuň Olimpiýa oýunlarynyň iň ýokary derejede geçirilmegine päsgel bermejekdigine ynam bildirdi. Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň Halkara Olimpiýa Komitetine we Ýaponiýanyň häkimiýetlerine koronawirusa garşy çäreler barada teklipleri bermegi dowam etmäge taýýardygyny aýtdy. Şeýle hem, ol Olimpiýa oýunlaryny geçirmek ýa-da ýatyrmak baradaky gutarnykly kararyň guramalara degişlidigini belledi.
Tokiodaky Olimpiýa oýunlary 2020-nji ýylyň 24-nji iýulyndan 9-njy awgusty aralygynda geçirilmelidi, emma Halkara Olimpiýa Komitetiniň ýolbaşçylary koronawirus pandemiýasy sebäpli ýaryşy ýatyrmak we bir ýyl yza süýşürmek kararyna geldi. 2021-nji ýylda ýaryş 23-nji iýuldan 8-nji awgust aralygynda geçirilmeli.

şu gün 15:05
3.1k+

BMG: Adamzadyň geljegi ummanyň ýagdaýyna bagly, umman bolsa goraga mätäç

Klimatyň, azyk howpsuzlygynyň we dünýä ykdysadyýetiniň gönüden-göni bagly bolan bütindünýä ummany barha artýan howplar bilen ýüzbe-ýüz bolýar. Eger halkara derejesinde utgaşdyrylan çäreler görülmese, onuň......

şu gün 12:24
690

80-nji Kann kinofestiwalynyň geçiriljek senesi yglan edildi

Guramaçylar 80-nji Kann kinofestiwalynyň geçiriljek senesini yglan etdiler. Dünýäniň iň uly kino forumlarynyň biri 2027-nji ýylyň 11-22-nji maýy aralygynda Gök Kenarda geçiriler....

şu gün 08:41
966

"Super Mario: Galaktiki kino" 2026-njy ýylda 1 milliard dollardan gowrak girdeji gazanan ilkinji film boldy

«Super Mario: Galaktiki kino» multfilmi dünýä prokatynda 1 milliard dollardan gowrak girdeji gazanyp, bu sepgide ýeten 2026-njy ýylyň ilkinji filmi boldy....

şu gün 08:03
8.8k+

Kazyýet işi Ak tamyň ýanynda geçirilmeli UFC ýaryşyny howp astynda goýdy

UFC ýaryşynyň geçirilmegine bir hepde galanda, ABŞ-nyň harby güýçleriniň weteranlaryny hem öz içine alýan bir topar raýat bu çäräni gadagan etmegi talap edip, käzyýete ýüz tutdular....