"Türkmenpoçta" halkara poçta ibermelerini gaýtadan ýola goýdy

  • 26.01.2021 23:08
  • 14k+

"Türkmenpoçta" poçta aragatnaşyk kompaniýasy halkara poçta hyzmatyny gaýtadan ýola goýýar.

Goňşy ýurtlaryň poçta operatorlary bilen geçirilen gepleşikleriň netijesinde, ýanwar aýyndan bäri "Türkmenpoçta" kompaniýasy dünýäniň 47 ýurdy bilen ýerüsti we howa poçta aragatnaşyklaryny ýola goýdy. Bar bolan ugurlaryň sanawyny 075 belgä jaň edip tapyp bilersiňiz.
Görkezilen ýurtlara ibermek üçin kiçi paketler, hatlar we ibermeler kabul edilýär. Başga-da operatorlaryň isleg bildirmegi bilen, ugurlaryň sanawy täzelenip biler. Poçta daşamak we taýýarlamak sanitariýa we epidemiologik kadalara laýyklykda amala aşyrylýar.
Ýeri gelende ýatlatsak, Türkmenistanyň çägine içerki poçta ugratmalaryny ibermek adatdakysy ýaly amala aşyrylýar.

12.06.2026 18:22
9k+

Toyota Türkmenistanda tomusky aksiýasyny dowam edýär

2026-njy ýylyň 1-nji iýunyndan 30-njy iýuny aralygynda Toyota kompaniýasynyň Türkmenistandaky resmi serwis merkezleri islendik ýylda çykarylan we islendik modeldäki Toyota hem-de Lexus awtoulaglarynyň eýeleri......

12.06.2026 17:00
4.1k+

Oňa 100-den gowrak ýurtda gymmatlyklaryny ynanýarlar. Gürrüň näme hakda?

Bu kompaniýanyň önümleri dünýäniň 100-den gowrak ýurduna eksport edilýär. Olar howpsuzlyk boýunça Ýewropa standartlaryna laýyk gelýär, halkara synaglardan geçirilýär we ähli degişli hil sertifikatlaryna eýe......

10.06.2026 18:39
4.1k+

Lomaý sargyt etmegiň täze tapgyry: telekeçiler «Birligi» saýlaýar

Dükan, market, kafe ýa-da restoran dolandyrýaňyzmy? Onda sizem soňsuz telefon jaňlaryna we araçylara wagt ýitirmegiňizi bes ediň. Telekeçiler eýýäm «Birlik» platformasy bilen satyn alyşyň has amatly görnüşine......

08.06.2026 15:19
6.5k+

Türkmenistanda howa maglumaty: hepdäniň başy we ahyry ýagyşly bolar

Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa gullugy Türkmenistanda şu hepde (8–14-nji iýun) bolmagyna garaşylýan howa barada maglumat berdi....