Neýmar "PSŽ"-niň düzüminde 100-nji oýnuny geçirdi

  • 23.01.2021 23:24
  • 4.7k+

“Pari Sen-Žermen”-iň hüjümçisi Neýmar klubuň düzüminde özüniň 100-nji oýnuny geçirdi. Bu barada report.az habar berdi.

Braziliýaly hüjümçi Fransiýanyň çempionatynyň 21-nji tapgyrynda “Monpelýe” bilen bolan duşuşykda meýdança çykdy. Şeýlelikde, ol "PSŽ"-niň düzüminde oýnan oýunlarynyň sany boýunça ýubileý belligine ýetdi.
Pariždäki “Park de Prens” stadionynda geçirilen duşuşyk parižlileriň peýdasyna 4:0 hasabynda tamamlandy. Duşuşykda Neýmar bir gol bilen tapawutlandy.
Neýmar 2017-nji ýylyň tomsunda "Barselona"-dan "Pari Sen-Žermen"-e geçdi. Şonda transferiň bahasy rekord derejede - 222 million ýewro boldy. Fransiýanyň çempionatynyň häzirki möwsüminde hüjümçi dokuz oýun oýnap, dört pökgi geçirdi. Transfermarkt  Neýmaryň häzirki bahasyny 128 million ýewro diýip çaklaýar.

düýn 14:15
9.2k+

Dünýä çempionaty – 2026-nyň 12-nji güni: Messi – çempionatyň iň gowy bombardiri, 4 oýunçynyň birbada dubly

2026-njy ýyldaky futbol boýunça dünýä çempionatynda toparçalaýyn tapgyryň ikinji duşuşyklary dowam edýär. Ýaryşyň 12-nji gününde dört futbolçy – Lionel Messi, Kilian Mbappe, Erling Holand we Ismaila Sarr dubl......

22.06.2026 22:55
4.7k+

Gazagystan figuralaýyn typmak boýunça iň iri ýaryşlaryň birini geçirmek hukugyny aldy

Astana şäheri taryhda ilkinji gezek figuralaýyn typmak boýunça Dört yklymyň çempionatyny kabul eder. Halkara konkide typyjylaryň birleşiginiň (ISU) beren maglumatyna görä, bu halkara ýaryş 2027-nji ýylyň......

22.06.2026 17:52
4.5k+

Ulan-Batordaky ýaryş jemlendi: dzýudoçy Maýsa Pardaýewa bürünç medal gazandy

Türkmen dzýudoçysy Maýsa Pardaýewa 2028-nji ýylda Los-Anjelesde geçiriljek Olimpiýa oýunlaryna saýlama tapgyrynyň ilkinji tapgyry bolan Ulan-Batordaky «Uly tuwulga» ýaryşynda 57 kg çenli agram derejesinde......

22.06.2026 15:58
12k+

DÇ-2026: üçünji orny alan toparlardan haýsysy 1/16 finala çykar? Geliň, düşünişeliň!

2026-njy ýyldaky dünýä çempionatynda ilkinji gezek 48 ýygyndy çykyş edýär. Ýaryşyň giňeldilen tertibi sebäpli, pleý-off tapgyryna (1/16 finala) 32 topar çykar. Indiki tapgyra gatnaşmak hukugyny 12 toparçanyň......