Aşgabatda 43-nji we 46-njy awtobus gatnaw ugurlaryna üýtgeşme giriziler

  • 22.01.2021 13:45
  • 11k+

"Türkmenawtoulaglary" agentligi Aşgabadyň ýaşaýjylaryna ilatyň awtobus gatnawyna, ýolagçylar üçin ýokary hilli we medeni hyzmatlara bolan isleglerini kanagatlandyrmak maksady bilen, 43-nji we 46-njy awtobus ugurlaryna käbir üýtgeşmeleriň girizilendigini habar berýär.

43-nji “Parahat – Arzuw” ugry boýunça awtobus “Parahat” belleniş nokadyndan ugraýar we A.Garlyýew köçesi – 10 ýyl Abadançylyk köçesi – B.Annanow köçesi – H.A.Ýasawy köçesi – 3-nji Bäş ýyllyk köçesi – Demirçiler köçesi – G.Kulyýew köçesi boýunça hereket edip, “Arzuw” belleniş nokadyna barýar hem-de yzyna B.Annanow köçesi –  Sähra köçesi – Ahal-4 köçesi – Gündogar köçesi – Watan köçesi – N.Andalyp köçesi – G.Kulyýew köçesi – B.Annanow köçesi – Işçiler synpy köçesi – 3-nji Bäş ýyllyk köçesi – H.A.Ýasawy köçesi – T.Suhanlyýew köçesi – A.Berdiýew köçesi – N.Andalyp köçesi – Magtymguly şaýoly – S.Türkmenbaşy şaýoly – Görogly köçesi – N.Andalyp köçesi – Oguzhan köçesi – A.Garlyýew köçesi – Ýunus Emre köçesi – B.Annanow köçesi – 10 ýyl Abadançylyk köçesi – A.Garlyýew köçesi bilen hereket edip, “Parahat” belleniş nokadyna gelýär.

46-njy “Gurtly – Parahat 4” ugry boýunça awtobus “Gurtly” belleniş nokadyndan ugraýar we Ruhabat köçesi – Gurbansoltan eje şaýoly – Taslama köçesi – Görogly köçesi – Tähran köçesi - Magtymguly şaýoly – S.Türkmenbaşy şaýoly – Görogly köçesi – N.Andalyp köçesi – 10 ýyl Abadançylyk köçesi boýunça hereket edip, “Zemin” binasyndan yzyna aýlanyp, N.Andalyp köçesi – Görogly köçesi – S.Türkmenbaşy şaýoly – Magtymguly şaýoly – Tähran köçesi -  Görogly köçesi –  Taslama köçesi – Gurbansoltan eje şaýoly – Ruhabat köçesi boýunça hereket edip, “Gurtly” belleniş nokadyna gelýär.

Habarlaşmak üçin telefon belgileri: 44-33-90; 44-33-91

12.06.2026 18:22
9k+

Toyota Türkmenistanda tomusky aksiýasyny dowam edýär

2026-njy ýylyň 1-nji iýunyndan 30-njy iýuny aralygynda Toyota kompaniýasynyň Türkmenistandaky resmi serwis merkezleri islendik ýylda çykarylan we islendik modeldäki Toyota hem-de Lexus awtoulaglarynyň eýeleri......

12.06.2026 17:00
4.1k+

Oňa 100-den gowrak ýurtda gymmatlyklaryny ynanýarlar. Gürrüň näme hakda?

Bu kompaniýanyň önümleri dünýäniň 100-den gowrak ýurduna eksport edilýär. Olar howpsuzlyk boýunça Ýewropa standartlaryna laýyk gelýär, halkara synaglardan geçirilýär we ähli degişli hil sertifikatlaryna eýe......

10.06.2026 18:39
4.1k+

Lomaý sargyt etmegiň täze tapgyry: telekeçiler «Birligi» saýlaýar

Dükan, market, kafe ýa-da restoran dolandyrýaňyzmy? Onda sizem soňsuz telefon jaňlaryna we araçylara wagt ýitirmegiňizi bes ediň. Telekeçiler eýýäm «Birlik» platformasy bilen satyn alyşyň has amatly görnüşine......

08.06.2026 15:19
6.5k+

Türkmenistanda howa maglumaty: hepdäniň başy we ahyry ýagyşly bolar

Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa gullugy Türkmenistanda şu hepde (8–14-nji iýun) bolmagyna garaşylýan howa barada maglumat berdi....