Ýatmazdan ozal iýmek maslahat berilýän 10 iýmit

  • 17.01.2021 15:48
  • 24k+

Ukusyzlyk, ukynyň bozulmagy saglyk bilen bagly döreýän meseleleriň içinde ýygy-ýygydan duş gelýänleriň biridir. Şunuň bilen baglylykda, hünärmenler ýatmazdan ozal yzygiderli kabul edilende ukyny kadalaşdyrmaga ýardam edýän 10 sany iýmiti mälim etdiler. Muny health.mail.ru ýetirýär.

Badam. Badamyň maňzy adam bedeniniň "biologik sagadynyň" işini kadalaşdyrýan gormon bolan melatonine baýdyr. Bu madda bedene  uklamalydygy barada wagtly-wagtynda habar berip durýar. Bir gysym badam (takmynan, 30 g) gündelik kabul edilmeli magniniň 19% -ini öz içine alýar. Bu mikroelementiň ýeterlik mukdarda kabul edilmegi ukusyzlyk bilen kesellänler üçin ukynyň hilini gowulandyryp biler.

Hindi towugy. Hindi towugynyň eti melatonin öndürýän aminokislotaly triptofana baýdyr. Ýatmazdan ozal ortaça mukdarda belok kabul etmegiň gije oýanmalaryň sanyny azaldýandygyny görkezýän subutnamalar hem bar.

Çopantelpek çaýy. Çopantelpek ukynyň hilini ýokarlandyrýan flawonoid maddasy bolan apigeniniň köp mukdaryny öz içine alýar. Miçigan uniwersitetiniň alymlary tarapyndan geçirilen bir gözlegde 28 günüň dowamynda günde iki gezek 270 mg çopantelpek ekstraktyny kabul edenleriň öňküsinden 15 minut çalt uklaýandygy we gije az oýanýandygy anyklandy. Ýene bir barlag ýatmazdan ozal çopantelek çaýyny iki hepdeläp içen aýallaryň, içmedikler bilen deňeşdirilende, ukusynyň hiliniň gowulaşandygyny görkezdi.

Kiwi. Taýwanly alymlaryň 4 hepdeläp dowam eden gözleginde 24 sany uly ýaşly adam her gije ýatmazdan bir sagat öň iki sany kiwi iýdi. Netijede, barlaga gatnaşyjylar ýatmazdan ozal kiwi iýmediklerinden 42% çalt ukladylar. Mundan başga-da, olar gije az oýandylar we ukynyň umumy dowamlylygy 13% ýokarlandy.

Ülje. Ülje suwuny gündelik kabul etmegiň ukynyň hilini ýokarlandyrýandygyny görkezýän subutnamalar bar. Mysal üçin, Luiziana döwlet uniwersitetiniň alymlary tarapyndan garry aýallaryň gatnaşmagynda geçirilen kiçijik tejribe synagynda gatnaşyjylar her gün ertirlik naharynda we ýatmazdan 1-2 sagat öň 240 ml ülje suwuny içdiler. Netijede, iki hepdeden soň gatnaşyjylar, ortaça, bir ýarym sagat uzak uklap başladylar.

Ýagly balyk. Azatmahy, tunes, forel we skumbriýa ýaly ýagly balyklarda serotoniniň önümçiligini ýokarlandyrýan omega-3 ýag kislotalary we D witamini köp bolýar.
Anita Hanseniň ýolbaşçylygyndaky halkara alymlar toparynyň geçiren bir gözleginde erkek adamlardan ybarat bolan topar alty aýyň dowamynda hepdede üç gezek 300 gram Atlantik azatmahysyny iýdi. Olar deň kaloriýaly bolan towuk, sygyr etini ýa-da doňuz etini iýenlerden 10 minut çalt uka gitdiler. Gözlegiň gyş aýlarynda geçirilendigi sebäpli, gözlegçiler D witaminiň köp mukdarda kabul edilmeginiň ukyny gowulandyrandygyny çaklaýarlar.

Grek hozy. Grek hozy melatoniniň iň gowy tebigy çeşmelerinden biridir. Şeýle hem onda serotoniniň öndürilmegine goşant goşýan alfa-linolen kislotasy köp. Haýwanlaryň birinde geçirilen barlagda hozuň bedende melatoniniň derejesini hakykatdanam ýokarlandyrýandygy anyklandy.

Tüwi. Alymlar ýatmazdan ozal ýokary glisemik görkezijili (GI) iýmitleri iýmegiň ukynyň hilini ýokarlandyrýandygy barada öňden bäri aýdyp gelýärler. Munuň sebäbi şeýle iýmitleriň ganda uklamaga kömek edýän insuliniň derejesini ýokarlandyrýandygy bolup durýar. Awstraliýanyň Sport institutynyň alymlary tarapyndan geçirilen gözleg muny subut edýär. 

Pisse. Pissä düzüminde köp mukdarda melatonin saklaýan hozuň başga bir görnüşi diýip bolar.
Bir gysym pisse (takmynan, 30 g) 6,5 mg melatonini öz içine alýar. Deňeşdirmek üçin aýtsak, melatonin gerdejikleriniň köpüsiniň dozasy 3 mg. Melatoniniň bedene uklamalydygy barada wagtly-wagtynda habar berip durýan maddadygyny ýokarda hem belläpdik.

Kädi çigidi. Bir gysym (takmynan, 30 gram) kädi çigidi gündelik kabul edilmeli magniniň 37% -ini öz içine alýar, bu bolsa ukynyň hilini ýokarlandyrýar. Şeýle hem, kädiniň çigidi melatoniniň öndürilmegi üçin zerur bolan triptofana baýdyr.

düýn 10:44
2k+

Arkadag şäherindäki sirk dynç gününi ýatdan çykmajak pursatlara öwürýär

Maşgala bilen dynç günüňizi ýatdan çykmajak derejede geçirmek üçin näme etmeli? Bu soraga Arkadag şäheri iň jaýdar jogaby hödürleýär. Her ýekşenbe güni Görogly adyndaky Döwlet atçylyk sirkinde çagalary hem ululary deň derejede özüne çekýän sirk oýunlary görkezilýär...

03.02.2026 13:36
19k+

«Arkadag» – «Al-Nasr» we Ronaldu effekti: telekeçiler ýokary isleg döwrüne howsala düşmän nädip taýynlanyp biler

2026-njy ýylyň 11-nji fewralynda sagat 18:45-de Aşgabadyň Olimpiýa stadionynda AFK Çempionlar ligasy 2-niň 1/8 finalynyň birinji duşuşygy geçiriler: «Arkadag FK» – «Al-Nasr». Petekler Aşgabat häkimliginiň web-sahypasy we Sanly şäher programma üsti arkaly onlaýn satylýar...

27.01.2026 21:02
12k+

Iş berijileriň hem iş gözleýänleriň dykgatyna: Aşgabatda boş iş orunlarynyň ýarmarkasy geçiriler

2026-njy ýylyň 4-nji fewralynda Aşgabat şäherinde boş iş orunlarynyň ýarmarkasy guralar. Çäre Aşgabat şäheriniň Zähmet we ilatyň iş bilen üpjünçiligi müdirligi tarapyndan guralýar. «Нейтральный Туркменистан» gazetiniň habar bermegine görä, sergi sagat 09:00-dan 12:00-a çenli Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň binasynda geçiriler...

19.01.2026 16:16
12k+

Biznes çykdajylaryny nädip azaltmaly we satyn alşy nädip çaltlandyrmaly: ALSAT.com.tm-de 5 peýdaly mümkinçilik (23 000+ haryt)

Üpjün edijileri gözlemek üçin näçe wagtyňyz gidýär?
  Soňky pursatda gyssagly satyn alyşlar, nädogry haryt, üstesine-de logistika… näçe pul gidýär? Gysgaça aýtsak: gaty köp.
 Dogrusy: şeýle işlemek indi hiç kime ýaramaýar...