CNPC Türkmenistan bilen nebitgaz hyzmatdaşlygyny giňeltmäge taýýar

  • 17.01.2021 09:08
  • 11k+

Hytaýyň milli nebitgaz korporasiýasy (CNPC) Türkmenistanyň ygtybarly uzak möhletli hyzmatdaşy hökmünde tehnologik alyş-çalşy has-da güýçlendirer we nebitgaz pudagyndaky hyzmatdaşlygy iki ýurduň halklarynyň bähbidine giňelder diýip, CNPC International Turkmenistan kompaniýasynyň baş müdiri Li Şulýan «Malaý» ýatagynda täze gaz gysyjy desganyň işe girizilmegi mynasybetli eden çykyşynda aýtdy.

Li Şulýanyň aýtmagyna görä, şu güne çenli “Türkmengaz” döwlet konserni bilen CNPC International Turkmenistan tarapyndan işlenilýän ýataklardan Ýuwaş ummanynyň kenaryna, takmynan, 290 milliard kub metr tebigy gaz iberildi.

«Malaý» ýatagynda täze gaz gysyjy desganyň işe girizilmegi onuň ösüşiniň ikinji tapgyrynyň başlangyjy boldy, bu pudagyň önümçilik kuwwatynyň ýokarlanmagyna we Türkmenistanyň dünýäniň nebitgaz bazaryndaky ornuny pugtalandyrmaga ýardam berer” – diýip, Li Şulýan belledi.

14.01.2026 11:30
3.2k+

Hazarly känindäki täze guýudan kuwwatly gaz akymy alyndy

Lebap welaýatyndaky Hazarly käninde ýerleşýän täze guýudan tebigy gazyň kuwwatly akymy alyndy diýip, "Nebit-Gaz" gazeti habar berýär. Bu netije "Türkmengeologiýa" döwlet korporasiýasynyň "Marynebitgazgözleg" ekspedisiýasy tarapyndan burawlanan "Hazarly-3" guýusyna degişlidir...

27.12.2025 13:07
10k+

2026-njy ýylyň başynda «Galkynyş» känini özleşdirmegiň dördünji tapgyry başlanar

2026-njy ýylyň başynda Hytaýyň CNPC nebitgaz korporasiýasy Türkmenistandaky ägirt uly «Galkynyş» gaz känini senagat taýdan özleşdirmegiň dördünji tapgyryny amala aşyrmaga girişer. Bu barada "Nebit-Gaz" elektron neşiri habar berýär...

24.12.2025 14:12
20k+

Tebigy gazy öndürmek boýunça dünýäniň iň iri 10 ýurdunyň reýtingi düzüldi

Tebigy gaz iň möhüm energiýa serişdeleriniň biri bolmagynda galýar, gaz çykarylyşy baradaky iň täze maglumatlar bolsa global bazaryň nähili jemlenendigini görkezýär. ABŞ-nyň Energetika institutynyň "Statistical...

12.12.2025 16:33
5k+

Uzynada käninde birbada üç sany guýy ulanyşa girizildi

"Türkmennebit" döwlet konserniniň «Nebitgazburawlaýyş» trestiniň zähmet toparlary Hazar deňziniň kenarýaka zolagynda ýerleşýän Uzynada käninde birbada üç sany guýynyň gazuw işlerini üstünlikli tamamlap, ulanyşa tabşyrdylar...