Indoneziýada ýer titremeleriň netijesinde aradan çykanlaryň sany 34-e ýetdi

  • 15.01.2021 17:14
  • 17k+

Penşenbe we anna günleri Indoneziýada bolup geçen ýer titremeleriniň pidalarynyň sany 34-e ýetdi. Bu barada anna güni Tebigy betbagtçylyklaryň zyýanlaryny ýok etmek boýunça agentlige salgylanyp, Agence France-Presse agentligi habar berýär.

Mundan öň, agentlik 8 adamyň aradan çykandygyny we takmynan 600 adamyň ejir çekendigini habar berýärdi. Indoneziýaly halasgärler Günbatar Sulawesi welaýatynyň Mamuju şäheriniň töwereklerinden ýene-de 8 adamyň jesedini tapdylar.
Meteorologiýa agentliginiň maglumatlaryna görä, täze ýerasty titremeler eýýäm hasaba alnanlaryndan güýçli bolan ýagdaýynda sunami howpy ýüze çykýar. Indoneziýaly meteorologlar eýýäm 25-den gowrak afterşoklary hasaba alandyklaryny aýtdylar. Detik portalynyň habar bermegine görä, Indoneziýanyň Prezidenti Joko Widodonyň görkezmesi bilen, tebigy betbagtçylyklardan ejir çeken Günbatar Sulawesi  welaýatyna durmuş meseleleri boýunça ministr Tri Rismaharini bardy.
Agence France-Presse ýerli halas ediş gulluklaryna salgylanyp, Mamuju şäherinde welaýatyň administratiw merkezindäki hassahananyň ýumrulan binasynyň astynda 10-dan gowrak adamyň bardygyny habar berdi.
Penşenbe we anna günleri Sulawesi adasynda 5,7 we 6,2 magnitudaly ýer titremeleri bolup geçdi, olardan soň 25 sany afterşok boldy. Günbatar Sulaweside 2 müň töweregi adam öýlerini taşlap gitmeli boldular. Tebigy betbagtçylyk 60-dan gowrak binany, şol sanda ýerli häkimiň edara binasyny we myhmanhanany ýumurdy. Ýerasty titremeler birnäçe opurylmalara hem getirdi.

20.06.2026 14:57
6.8k+

Kamçatkanyň kenarýakalarynda bir gije-gündizde 30-dan gowrak ýertitreme boldy

Kamçatkanyň gündogar kenarýakasynyň çäklerinde 19-njy we 20-nji iýunda magnituda güýji 6,9-a çenli ýeten yzygiderli ýer titremeleri hasaba alyndy....

19.06.2026 10:08
3.3k+

«Artur» tropiki tupany Tehasyň 101 etrabynda adatdan daşary ýagdaý tertibiniň girizilmegine sebäp boldy

2026-njy ýylyň Atlantik harasatlar möwsüminiň ilkinji atlandyrylan tupany bolan «Artur» tropik tupany ABŞ-nyň günortasyndaky birnäçe sebitlerde sil suwlaryna we adatdan daşary ýagdaý düzgüniniň girizilmegine......

17.06.2026 11:34
5.9k+

Germaniýada zäherli gurçuklar sebäpli mekdepleri we seýilgähleri ýapmaly bolýar

Öň habar berşimiz ýaly, tomsuň düşmegi bilen Germaniýanyň birnäçe sebitinde howply mör-möjekleriň - Thaumetopoea processionea kebelek gurçugynyň çozmagy bilen ýüzbe-ýüz bolýarlar. Indi saglyga howpludygy......

16.06.2026 09:56
10k+

Filippindäki ýer titremesi deňziň düýbüni iki metr ýokary galdyrdy

Filippinde bolup geçen 7,8 magnitudaly ýer titremesi deňziň düýbüniň iki metr ýokary galmagyna getirdi. Bu ýagdaý hatda Mindanao adasynyň kenar ýakasyny hem üýtgetdi....