Ýaponiýa daşary ýurtlularyň ählisine girişi gadagan etdi

  • 14.01.2021 01:54
  • 12k+

Ýaponiýanyň häkimiýetleri daşary ýurtlularyň ýurda girmegini 7-nji fewrala çenli doly gadagan edýär diýip, Tokioda geçirilen metbugat maslahatynda premýer-ministr Ýosihido Suga habar berdi. Mundan öň 11 ýurtdan we sebitden işewürler üçin düzgünler birneme gowşadylýardy, ýöne ýapon häkimiýetleri olary aýyrmak kararyna geldiler. Muny kommersant.ru ýetirýär.

“11 ýurt we sebit bilen iş maksady boýunça gatnawlar baradaky şertnamanyň esasynda girenleriň we gidenleriň arasynda koronawirusyň täze ştam ýagdaýy ýüze çykarylmady. Şeýle-de bolsa, ýurduň içindäki ýagdaýy we Braziliýadan gelen bir myhmanda ýene bir ştamyň ýüze çykandygyny göz öňünde tutup, biz 7-nji fewralda adatdan daşary ýagdaý düzgüni gutarýança, şeýle kategoriýalar üçin wiza berilmegini togtatmak kararyna geldik” – diýip, jenap Suga belledi.
 

Belläp geçsek, 28-nji dekabrdan ýanwar aýynyň ahyryna çenli Ýaponiýanyň häkimiýetleri koronawirusyň täze ştamynyň tapylmagy bilen baglanyşykly dünýäniň ähli ýurtlarynyň we sebitleriniň raýatlaryna täze wiza bermegi bes etdiler. Häzir Ýaponiýa bu ýerde hemişelik ýaşaýan hem-de uzak möhletli wizasy bolan ýapon raýatlary we daşary ýurtlular girip bilýär.
Jons Hopkins uniwersitetiniň maglumatlary boýunça, Ýaponiýada COVID-19 keselli 302 müň adam hasaba alyndy. 4 müň adam ýogaldy. 

20.06.2026 14:57
7.1k+

Kamçatkanyň kenarýakalarynda bir gije-gündizde 30-dan gowrak ýertitreme boldy

Kamçatkanyň gündogar kenarýakasynyň çäklerinde 19-njy we 20-nji iýunda magnituda güýji 6,9-a çenli ýeten yzygiderli ýer titremeleri hasaba alyndy....

19.06.2026 10:08
3.4k+

«Artur» tropiki tupany Tehasyň 101 etrabynda adatdan daşary ýagdaý tertibiniň girizilmegine sebäp boldy

2026-njy ýylyň Atlantik harasatlar möwsüminiň ilkinji atlandyrylan tupany bolan «Artur» tropik tupany ABŞ-nyň günortasyndaky birnäçe sebitlerde sil suwlaryna we adatdan daşary ýagdaý düzgüniniň girizilmegine......

17.06.2026 11:34
5.9k+

Germaniýada zäherli gurçuklar sebäpli mekdepleri we seýilgähleri ýapmaly bolýar

Öň habar berşimiz ýaly, tomsuň düşmegi bilen Germaniýanyň birnäçe sebitinde howply mör-möjekleriň - Thaumetopoea processionea kebelek gurçugynyň çozmagy bilen ýüzbe-ýüz bolýarlar. Indi saglyga howpludygy......

16.06.2026 09:56
10k+

Filippindäki ýer titremesi deňziň düýbüni iki metr ýokary galdyrdy

Filippinde bolup geçen 7,8 magnitudaly ýer titremesi deňziň düýbüniň iki metr ýokary galmagyna getirdi. Bu ýagdaý hatda Mindanao adasynyň kenar ýakasyny hem üýtgetdi....