«Ýokogama» kluby 53 ýaşly futbolçysy bilen şertnamasyny uzaltdy

  • 13.01.2021 11:11
  • 10k+

Ýaponiýanyň “Ýokogama” kluby 53 ýaşly futbolçy Kazuýoşi Miura bilen şertnamanyň möhletini uzaltdy. Toparyň metbugat gullugynyň habaryna görä, hüjümçi bilen täze şertnama 2021-nji möwsüm üçin gol çekildi diýip, news.sportbox.ru habar berdi.

- Geçen möwsümde koronawirus sebäpli dünýä kyn ýagdaýa düşdi, ýöne dürli adamlaryň kömegi arkaly biz futbol oýnamak bilen şatlygy duýup bileris. Men has köp oýna çykmak we toparyň ýeňişlerine goşant goşmak üçin her gün köp türgenleşýärin -diýip, Miura aýtdy.

Ýeri gelende bellesek, Miura dünýäniň iň uly ýaşly futbolçysy hasaplanýar. Bu onuň professional karýerasynda 36-njy möwsümi bolar.
Ýaponiýanyň çempionatynyň soňky möwsüminde ol 4 oýun oýnady we gol geçirmedi. 2020-nji ýylyň sentýabr aýynda Miura liganyň taryhynda iň ýaşuly oýunçy boldy.
Miura 1990-njy ýylda Ýaponiýanyň milli ýygyndysynda ilkinji gezek çykyş etdi we 1998-nji ýyldaky dünýä çempionatynda oňa wekilçilik etdi. Ol milli ýygyndy üçin 89 oýun oýnap, 55 pökgi geçirdi.

 

düýn 22:55
3.4k+

Gazagystan figuralaýyn typmak boýunça iň iri ýaryşlaryň birini geçirmek hukugyny aldy

Astana şäheri taryhda ilkinji gezek figuralaýyn typmak boýunça Dört yklymyň çempionatyny kabul eder. Halkara konkide typyjylaryň birleşiginiň (ISU) beren maglumatyna görä, bu halkara ýaryş 2027-nji ýylyň......

düýn 17:52
3.8k+

Ulan-Batordaky ýaryş jemlendi: dzýudoçy Maýsa Pardaýewa bürünç medal gazandy

Türkmen dzýudoçysy Maýsa Pardaýewa 2028-nji ýylda Los-Anjelesde geçiriljek Olimpiýa oýunlaryna saýlama tapgyrynyň ilkinji tapgyry bolan Ulan-Batordaky «Uly tuwulga» ýaryşynda 57 kg çenli agram derejesinde......

düýn 15:58
10k+

DÇ-2026: üçünji orny alan toparlardan haýsysy 1/16 finala çykar? Geliň, düşünişeliň!

2026-njy ýyldaky dünýä çempionatynda ilkinji gezek 48 ýygyndy çykyş edýär. Ýaryşyň giňeldilen tertibi sebäpli, pleý-off tapgyryna (1/16 finala) 32 topar çykar. Indiki tapgyra gatnaşmak hukugyny 12 toparçanyň......

düýn 14:40
3.5k+

UFC amerikan harby gullukçylary üçin ýaryş geçirmegi meýilleşdirýär

UFC-niň prezidenti Dana Waýt ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp bilen bilelikde harby gullukçylar üçin ýaryş geçirmek meýilleri barada mälim etdi....