Benzin çyrajygy ýanandan soň ulag näçe ýol geçip bilýär?

  • 12.01.2021 19:05
  • 33k+

Bakdaky benziniň derejesini görkezýän çyrajyk ýanyp başlandan soň ulagda näçe kilometr geçip bilersiňiz we az ýangyç bilen hereket etmek nähili  netijelere getirip biler? Bu soraglara car.ru web sahypasynyň hünärmeni jogap berdi.

Onuň aýtmagyna görä, bu mesele, köplenç, şäherara syýahat wagtynda awtoulagyň eýesi şäher ýakasyndaky ýolda ýeke galyp, iň ýakyn ýangyç bekedine ýetip-ýetmejegini alada edip başlanda has möhümdir.
Bu babatda has döwrebap awtoulaglaryň eýeleriniň aladasy birneme azrak bolýar, sebäbi beýle ulaglar diňe bir ýangyjyň ýeterlik däldigini habar bermek bilen çäklenmän, galanja ýangyç bilen näçe kilometr ýol geçip biljekdigini sürüjä habar berip bilýärler. Ýöne kompýutere doly bil baglamak hem dogry däl, sebäbi ol maglumatlary, elbetde, takmynan berýär.

Awtoulagynda beýle mümkinçilikleri bolmadyklar näme etmeli?

Ýangyjyň azalandygyny görkezýän çyra eýýäm ýanýan bolsa, awtoulag eýeleri awtoulagyň iň az ätiýaçlyk gorunyň möçberiniň 50 kilometre deňdigini göz öňünde tutmalydyrlar. Bu san islendik ýagdaýda awtoulagyň geçip biljek aralygyny aňladýar.
Has gymmat awtoulaglarda iň az ätiýaçlyk gory 90-100 kilometre ýetýär. Krossowerleriň we ulaglaryň käbir modelleri çyrajyk ýanandan soň hem 150 kilometre çenli gidip biler.
Ýöne şonda-da beýle ýagdaýda arkaýynlyga ýol bermeli däl. Ýangyjyň ýetmezçiliginiň netijesinde ýangyç nasosynyň ýanmagy, katalizatoryň zaýalanmagy we hatda hereketlendirijiniň partlamagy hem ýüze çykyp biler.

Çyra henizem ýanýan bolsa we iň ýakyn ýangyç bekedi birnäçe ýüz kilometr aralykdaky şäherçäniň golaýynda ýerleşýän bolsa näme etmeli?

Beýle ýagdaýda, ilkinji nobatda, howsala düşmezlik zerurdyr. Ilki bilen, ýangyjyň sarp edilişini azaltmak üçin çäre görmeli. Munuň üçin ähli penjireleri ýapyp, kondisioneri öçürip bolar we bar bolsa Eco režimini işe girizip bolar. Multimedia ulgamyny öçürip oturmak hökman däl, sebäbi ol köp energiýa sarp etmeýär. Çalt hereket etmän, haýaljakdan gitmeli. Uly ýolda tizlik sagatda 80-90 kilometrden geçmeli däldir.

düýn 14:34
2.1k+

Koenigsegg-iň Lego kubiklerinden ýasalan nusgasy sagatda 111 km tizlige çykdy

Lego we Koenigsegg kompaniýalary hyzmatdaşlygyň çäginde «Sadair’s Spear» ekstremal trek giperkaryny jikme-jik gaýtalaýan «Koenigsegg Sadair’s Spear Megacar» toplumyny taýýarladylar. Bu ulag markanyň......

21.06.2026 21:15
4.3k+

Toyota rekord derejedäki satuwlara garamazdan, model sanyny azaltmak isleýär

Toyota kompaniýasy rekord derejedäki satuw görkezijilerine garamazdan, awtoulaglaryň model we görnüş sanyny azaltmagy, ünsüni bolsa iň köp isleg bildirilýän hem-de düşewüntli ugurlara gönükdirmegi......

21.06.2026 16:05
3.6k+

Volkswagen-de çökgünlik: ýolbaşçylar kompaniýanyň ýok bolup gitmek howpuny boýun aldy

Germaniýanyň Volkswagen Group awtomobil konserniniň içerki ýagdaýy ýolbaşçylar tarapyndan örän howsalaly diýlip hasaplanýar. Germaniýanyň «Manager Magazin» neşiri kompaniýanyň müdirler geňeşiniň we gözegçilik......

21.06.2026 09:56
6k+

Singapurda aşa gara awtomobil boýagy döredildi: ol ýagtylygy doly diýen ýaly özüne siňdirýär

Singapuryň NIPSEA kompaniýasynyň barlagçylary görünýän diapozonda 99,9%-e çenli ýagtylygy özüne siňdirmäge ukyply bolan aşa gara awtomobil örtügini işläp taýýarlady....