ABŞ-nyň haýwanat bagyndaky gorillalar koronawirus bilen keselledi

  • 12.01.2021 18:14
  • 16k+

San-Diegonyň haýwanat bagynda bolýan iki sany gorilla koronawirus bilen keselledi. Bu barada duşenbe güni haýwanat bagynyň web sahypasynda çap edilen habarda aýdylýar.

"San-Diegonyň safari seýilgähindäki gorillalarda SARS-CoV-2 üçin synaglar položitel netijeleri görkezdi" - diýlip, habarda aýdylýar.

Haýwanat bagynda gorillalary synagdan geçirmek kararyna 6-njy ýanwarda — olarda üsgülewük hasaba alnandan soň, gelnendigi aýdyldy. Olar indi özlerini gowy duýýarlar we gözegçilikde saklanýarlar. Şeýle hem haýwanat bagy beýleki gorillalarda hiç hili ýokuşma alamatynyň ýokdugyny aýtdy.
Wirusyň gorillalara haýwanat bagynyň alamatsyz kesel göteriji işgärinden geçen bolmagy mümkin diýlip çaklanylýar.

26.04.2026 15:51
7.4k+

Antarktidadaky Erebus wulkany altyn sowurýar

​Anatarktidada ýerleşýän, planetanyň günortadaky iň işjeň wulkany bolan Erebus, her gün atmosfera gazy we bugy bilen bilelikde altynyň mikroskopik bölejiklerini-de zyňýar. Barlagçylar wulkanyň zyňyndylarynyň......

24.04.2026 18:54
9.5k+

ABŞ-nyň merkezi ştatlarynda tüweleý zarbasy: tupan 17 gezek gaýtalandy

23-nji aprelde ABŞ-nyň Beýik düzlüklerinde — Tehasdan başlap, Beýik köller sebitine çenli aralykda 17 sany tüweleý zarbasy bolup geçdi. Iň güýçli zarba Oklahoma ştatynyň demirgazyk-günbatar bölegine degdi....

22.04.2026 01:04
7.9k+

«A23a tükendi». Dünýäniň iň uly aýsbergi hasaplanan buzluk öz meýdanynyň 99%-ini ýitirdi

2025-nji ýylyň ahyryna çenli dünýäniň iň uly aýsbergi hasaplanan A23a buzlugy öz «ýaşaýşyny» bes etdi diýen ýaly. Bu barada Arktika we Antarktika ylmy-barlag instituty habar berdi....

21.04.2026 16:23
10k+

Braziliýada ýagan güýçli doly müňlerçe awtoulaga zyýan ýetirdi

Geçen hepdäniň ahyrynda Braziliýanyň San-Paulu şäherine uly möçberli doly ýagdy. Bu tebigy hadysa şäheriň infrastrukturasyna we ilatyň emlägine uly zeper ýetirdi....