Portugaliýanyň Prezidenti koronawirus bilen keselledi

  • 12.01.2021 12:26
  • 8.5k+

Portugaliýanyň Prezidenti Marselu Rebelu di Souzanyň koronawirus üçin barlagy položitel netije berdi. Bu barada döwlet Baştutanynyň saýtynda aýdylýar.

“Düýn respublikanyň prezidentiniň barlagy otrisatel netijäni görkezdi. Şu gün koronawirus antigenleriniň barlygy baradaky barlagyň otrisatel bolandygyna garamazdan, soňky PZR-barlagynyň položitel netije berendigi mälim boldy” – diýlip, prezidentiň metbugat gullugynyň habarynda aýdylýar.

Ýöne döwlet ýolbaşçysynda koronawirus keseliniň alamatlary ýok. Häzir Marselu Rebelu di Souza izolýasiýada ýerleşýär. Onuň gatnaşmagy bilen geçiriljek ähli çäreler hem ýatyrylýar.
Belläp geçsek, 24-nji ýanwarda ýurtda prezident saýlawlary geçirilmeli, Souza hem oňa gatnaşmak isleýär. Ol häzir 72 ýaşynda.
Respublikanyň Baş saglygy goraýyş edarasynyň maglumatlaryna görä, Portugaliýada koronawirus ýokanjy bilen keselleme ýagdaýynyň sany 489 müňden geçdi. Ýogalanlaryň umumy sany 7 925-e ýetdi.

20.06.2026 14:57
7.1k+

Kamçatkanyň kenarýakalarynda bir gije-gündizde 30-dan gowrak ýertitreme boldy

Kamçatkanyň gündogar kenarýakasynyň çäklerinde 19-njy we 20-nji iýunda magnituda güýji 6,9-a çenli ýeten yzygiderli ýer titremeleri hasaba alyndy....

19.06.2026 10:08
3.4k+

«Artur» tropiki tupany Tehasyň 101 etrabynda adatdan daşary ýagdaý tertibiniň girizilmegine sebäp boldy

2026-njy ýylyň Atlantik harasatlar möwsüminiň ilkinji atlandyrylan tupany bolan «Artur» tropik tupany ABŞ-nyň günortasyndaky birnäçe sebitlerde sil suwlaryna we adatdan daşary ýagdaý düzgüniniň girizilmegine......

17.06.2026 11:34
5.9k+

Germaniýada zäherli gurçuklar sebäpli mekdepleri we seýilgähleri ýapmaly bolýar

Öň habar berşimiz ýaly, tomsuň düşmegi bilen Germaniýanyň birnäçe sebitinde howply mör-möjekleriň - Thaumetopoea processionea kebelek gurçugynyň çozmagy bilen ýüzbe-ýüz bolýarlar. Indi saglyga howpludygy......

16.06.2026 09:56
10k+

Filippindäki ýer titremesi deňziň düýbüni iki metr ýokary galdyrdy

Filippinde bolup geçen 7,8 magnitudaly ýer titremesi deňziň düýbüniň iki metr ýokary galmagyna getirdi. Bu ýagdaý hatda Mindanao adasynyň kenar ýakasyny hem üýtgetdi....