Türkmenistan 2020-nji ýylda ECO-93 benzininiň eksportyny 2 esseden gowrak artdyrdy

  • 10.01.2021 20:36
  • 10k+

2020-nji ýylyň ýanwar-oktýabr aýlarynda daşary ýurtly alyjylaryň arasynda meşhur bolan ECO-93 söwda belgili benziniň eksporty öňki ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 2,3 esse ýokarlandy. Bu barada ORIENT agentligi Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komitetine salgylanyp habar berýär.

Koronawirus pandemiýasy sebäpli dünýä söwdasyndaky kynçylyklara garamazdan, «mawy ýangyçdan» türkmen benzinini Beýik Britaniýa, Daniýa, Bolgariýa, Gruziýa, Russiýa, Özbegistan, Owganystan ýaly dünýäniň onlarça döwleti satyn alýar.
“Türkmengaz” döwlet konserni ýanwar-noýabr aýlarynda tebigy gazdan benziniň öndürilişini 3,6 esse ýokarlandyrdy.
Ýatlap geçsek, tebigy gazdan benzini senagat taýdan öndürýän dünýädäki ilkinji zawod 2019-njy ýylyň başynda Ahal welaýatynda ulanylyşa girizildi. Zawod her ýyl EURO-5 standartyna laýyk gelýän 600 müň tonna ekologiýa taýdan arassa sintetik ECO-93 benzini öndürmäge ukyply.
Hünärmenleriň habar bermegine görä, türkmen tebigy gazyndan benzin ulanylanda kükürt oksidiniň zyýanly zyňyndylary 50 esse, azot oksidi – 5 esse, uglerod oksidi – 2 esse, uglewodorod – 20%-e çenli azalýar.

şu gün 10:46
436

Gytaklaýyn guýulary üznüksiz burawlamak üçin dünýäde ilkinji gurluş döredildi

Perm milli barlag politehniki uniwersitetiniň (PNIPU) hünärmenleri gytaklaýyn nebit guýularyny burawlamagyň barşynda giroskoplardan üznüksiz maglumat almaga mümkinçilik berýän dünýäde ilkinji durnuklaşdyryjy......

13.06.2026 15:16
6.6k+

«Türkmengaz» we «Türkmennebit» hytaý kompaniýalary bilen şertnama baglaşar

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň gol çeken Kararlaryna laýyklykda, ýurduň nebitgaz pudagyny döwrebaplaşdyrmak, tebigy gazyň çykarylýan möçberini artdyrmak, nebitgaz ýataklaryny özleşdirmek we......

12.06.2026 21:08
11k+

ABŞ taryhda ilkinji gezek nebit eksporty boýunça Saud Arabystanyndan we Russiýadan öňe geçdi

ABŞ taryhda ilkinji gezek nebit eksporty boýunça dünýäde birinji orna çykdy we köp ýyllaryň dowamynda bu babatda öňdebaryjylygy elden bermedik Saud Arabystanyny hem-de Russiýany yzda galdyrdy. Reuters......

08.06.2026 19:01
4.9k+

OPEK+-e agza ýurtlar iýul aýynda nebit çykarylyşyny artdyrar

OPEK+-e agza ýedi ýurt iýul aýynda nebit çykarylyşy boýunça umumy möçberi gije-gündizde 188 müň barrel artdyrmak barada ylalaşdy. Şeýle çözgüt öň iýun aýy üçin hem kabul edilipdi....