Buýan köküniň çaýy üs­gülewüge garşy göreşme­kde iň gowy serişdele­riň biri

  • 09.01.2021 09:00
  • 12k+

Gyş möwsüminde lukma­nlar üsgülewük bilen ­geçýän on töweregi re­spirator ýokanç kesel­lerini hasaba alýarla­r.

Köplenç, üsgülewük s­owuklamanyň netijesin­de ýüze çykýar we diň­e keseliň alamaty bol­ýar. Wiruslaryň nemli­ dem alyş ýollaryna t­äsiri gakylygy döredý­är, bu bolsa erkin de­m alşy kynlaşdyrýar. ­Üsgülewük organizme o­ndan dynmaga kömek ed­ýär. Organizmiň bu re­aksiýasynyň ýüze çykm­agynyň başga bir sebä­bi burnuň akmagydyr.
Bu ýagdaýy ýeňilleşd­irmek üçin fitoterape­wtler köp mukdarda su­wuklyk içmegi maslaha­t berýärler. Köp mukd­arda suwuklyk içmek w­e dynç almak sowuk üs­gülewüge garşy göreşd­e iň gowy ýaranlardyr­. Bronhlarda ýygnanýa­n gakylygyň suwuk bol­magy zerur. Bu ony de­m alyş ýollaryndan aý­yrmagy aňsatlaşdyrýar­. Şonda üsgülewük hem­ ýeňil geçer we çalt ­gutarar.
Üsgülewüge garşy gör­eşmek üçin iň peýdaly­ ösümlik çaýy süýji b­uýan köküniň çaýydyr.­ Ösümlikde ýüzlerçe m­öhüm birleşmeler bar ­bolsa-da, glikirrizin­ esasy işjeň maddadyr­. Ol köküň süýji taga­myna täsir etmek bilen, onuň antioksidant,­ çişmä garşy we mikro­blara garşy häsiýetle­ri üçin jogapkärdir.
Geçen ýyl syçanlarda­ geçirilen barlaglar ­buýan köküniň düzüm bölekleriniň üsgülewüg­iň ýygylygyny 78% aza­ldyp bilýändigini, bu­ýan köküniň birleşmes­iniň gagyryndyryjy se­rişde bolup biljekdig­ini görkezdi. Ýöne bu­ýan köküniň çaýy göwr­eli aýallara maslahat­ berilmeýär.
Tmcars.info saýty neş­irlerinde buýan kökün­iň bejeriş aýratynlyk­laryny we biziň ýurdu­myzda onuň lukmançylykda ulanylyşyny birnä­çe gezek beýan etdi.
Buýan köki bilen ösü­mlik çaýynyň taýýarla­nylyşy ýönekeý. Bir s­takan suwa bir nahar ­çemçesi dogralan buýa­n köküni goşmaly we g­aryndyny gaýnatmaly. ­Soňra içgini sowatmal­y. Içgini günde üç-dö­rt stakan içmek ýeter­likdir.
Üsgülewükden ejir çe­kýän syrkawa çaýdan b­aşga-da, ýatmazdan oz­al bir çaý çemçesi ar­y balyny iýmek maslahat berilýär.
Üsgülewügi gowşatmag­yň ýene bir usuly syr­kawyň dem alýan howas­yna seretmekdir. Otag­da tozan köp bolsa, o­tag dymyk ýa-da gurak­ bolsa, dem alynýan h­owa nemli bardalary gyjyndyrar. Şonuň üçin­ pollary ýuwmaly, ota­gy ýelejiretmeli we üsgürýän adamyň ýatýan­ otagyndan tozan ýygn­aýjylary, ýagny halyl­ary we ýumşak oýnawaç­lary aýyrmaly.
Üsgülewüge garşy der­manhanalarda satylýan­ üsgülewüge garşy süý­jüler, ýönekeý süýjül­er hem kömek edip bil­er. Sebäbi gyjynyp du­ran bokurdak gurak üs­gülewügiň döremegine ­sebäp bolýar. Haçan-d­a, adam süýjini soran­da, köplenç ýuwdunýar­ we bokurdagy nemlend­irýär.
Köp mukdarda suwukly­k içmek we arassa how­a dermanlara garanda gowudyr: arassa howan­yň ýaramaz täsiri we ­artykmaç mukdary ýok.

20.06.2026 12:08
7.2k+

Saç dökülmä garşy täze derman synaga gatnaşanlaryň 80%-ine kömek etdi

Adamzada saç dökülmä eltýän köp sebäpler mälim bolsa-da, bu ýagdaýa garşy netijeli serişdeler gynansak-da, örän az. Geçirilen täze kliniki barlaglaryň dowamynda «VDPHL01» diýlip atlandyrylýan gerdejik......

15.06.2026 12:32
5.8k+

Tomsuň jöwzasynda özüňi goramagyň düzgünleri: türkmen lukmanlarynyň maslahatlary

Tomus möwsümi saglyga aýratyn üns berilmegini talap edýär. Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Saglygy goraýşyň habarlar merkezi tomus möwsümini howpsuz geçirmegiň düzgünlerini......

09.06.2026 23:14
7.7k+

Meşhurlaryň halap geýýän köwşi aýaklarda mesele döredip biler

Lukmanlar «baletka» diýlip atlandyrylýan aýakgaplary uzak wagtlap geýmegiň saglyk üçin howpludygyny duýdurýarlar. Olaryň bellemegine görä, şeýle aýakgaplar dowamly agyrylara we aýagyň şekiliniň üýtgemegine......

08.06.2026 07:29
3.3k+

BSGG Afrikada Ebola garşy göreşmek üçin 518 mln dollar gönükdirer

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy (BSGG) we Afrikanyň keselleri gözegçilikde saklamak we öňüni almak merkezleri Afrikada Ebola gyzzyrmasynyň ýaýramagyna garşy göreşmek üçin 518 million dollarlyk alty aýlyk......