Hindistanda hapa howadan gurluşyk materiallaryny öndürmegi öwrendiler

  • 06.01.2021 19:12
  • 15k+

Startapyň esaslandyryjysy hindistanly Tejas Sidnal ýurduň hapa howasyny gurluşyk plitalaryna öwrüp boljakdygyny subut etdi. Bu barada vokrugsveta habar berdi.

Tejas Sidnala öz ýurdunyň dünýäniň ähli ýurtlarynyň arasynda hapalanmak boýunça öňdebaryjy bolup, 30-dan 21-nji orunda durýandygy bilen ylalaşmak kyn düşdi diýip, çeşme belleýär. Şonuň üçin hem üç ýyl mundan ozal ýaş arhitektor howada agdyklyk edýän zyýanly zyňyndylardan uglerod plitalaryny öndürmäge mümkinçilik berýän tehnologiýany döretdi.
Bir ýyl ozal Sidnal öz startapyny işe girizdi. Ýörite enjam atmosferadan kömürturşy gazyny sogrup alýar, ol bolsa mermer hem-de sement tozany we külkeleri bilen garylýar. Soň bolsa, alnan materialdan gidrawliki press arkaly plita emele getirilýär.

Adaty diwar plitalary bilen deňeşdirilende, “Carbon Craft Design” önümleriniň bahasy gymmadrak çykýar - her inedördül metr üçin 29 dollar. Emma Sidnal önümçiliginiň giňelmegi bilen geljekde bahalaryň arzanlamagyna umyt bildirýär.
Sidnal geljekde oýlap tapan tehnologiýasy bilen dünýäniň köp ýurtlarynyň gyzyklanjakdygyna ynanýar we häzirki wagtda maýa goýumlaryny işjeň çekýär.

şu gün 00:14
1.5k+

Beýik Britaniýada gämiler üçin suwda ýüzýän wodorod elektrik stansiýasy synagdan geçirildi

Britaniýanyň deňiz konsorsiumy kenarýaka infrastruktura birikdirilmezden, portda duran ýerinde gämileri elektrik energiýasy bilen üpjün etmek üçin niýetlenen, suwda ýüzýän elektrik stansiýasynyň täze nesli......

düýn 23:06
2k+

Fransiýada ganaty ýel berlip çişirilen uçarmansyz uçar synagdan geçirildi

Fransiýanyň Celeste Ecoflyers kompaniýasy adaty gaty materialyň deregine çişirilen dokma ganat ulanylan dAS10 ýük ucarmansyz uçarynyň ilkinji uçuş synaglaryny geçirdi....

düýn 20:46
2.7k+

Italiýa elektrik togunyň ölçeg birliginiň adyny üýtgetmegi teklip edýär

Italiýanyň Hökümeti elektrik naprýaženiýesiniň halkara ölçeg birliginiň adyny «woltdan» «wolta» diýip üýtgetmek başlangyjy bilen çykyş etdi....

düýn 12:47
4.5k+

Ýere azyndan 20 asteroid "assyrynlyk bilen" ýetip gelýär

Indiki aýyň dowamynda Ýeriň golaýyndan azyndan 20 asteroidiň geçmegine garaşylýar, emma hakykatda olaryň sany has köp bolup biler. Bu barada Nowosibirsk Döwlet Uniwersitetiniň “Wega” obserwatoriýasynyň......