Tesla 2020-nji ýylda müşderilerine tas 500 müň elektromobil ýetirdi

  • 04.01.2021 09:02
  • 7.6k+

Geçen ýylyň dowamynda Tesla kompaniýasy 500 müň ulag derejesinde bellenilen maksada biraz ýetmezden, tas ýarym million elektromobili alyjylara ýetirdi. Maglumatlar Tesla-nyň saýtynda neşir edildi. Bu barada kommersant.ru habar berýär.

Umuman alanyňda, Tesla-nyň elektromobilleri 2020-nji ýylda 499 550 müşderä gowşuryldy. Bu öndüriji üçin rekord görkezijidir. Şeýlelik bilen, telekeçi Ilon Maskyň ýolbaşçylygyndaky kompaniýa geçen ýylda ýarym million müşderini önümleri bilen üpjün etmek maksadyny ýerine ýetirip bilmedi.
Şeýle-de bolsa, bir ýylyň içinde kompaniýa 510 müň töweregi awtomobil öndürdi. Model 3 we Model Y elektromobilleri has meşhur bolup, satylanlaryň 442,5 müň sanysy olaryň paýyna düşýär. Has gymmat bolan Model S we Model X awtomobillerini 57 müň müşderi satyn aldy.
Oktýabr aýynyň ahyrynda kompaniýa maliýe hasabatyny neşir etdi, oňa laýyklykda, Tesla-nyň girdejisi 2020-nji ýylyň üçünji çärýeginde hünärmenleriň çaklamalaryndan ýokary boldy. Tesla-nyň hasabat döwri üçin girdejisi 8,77 milliard dollar, arassa girdejisi 331 million dollar boldy.
Tesla-ny esaslandyryjy Ilon Mask neşir edilen hasabatdan soň, Twitterde toparyna buýsanýandygyny ýazdy. Ol kompaniýany açyp başlanda onuň “ömür sürmek” mümkinçiligini 10% diýip hasaplandygyny ýatlap geçdi.

şu gün 08:11
604

Audi kompaniýasy ýolyşykda özi durýan täzelenen A3 hataryny hödürledi

Audi kompaniýasy täzelenen A3 awtoulag hataryny tanyşdyrdy. Bu hatara sedan, hetçbek we RS3 sport wersiýasy girýär. Esasy üýtgetmeler ulagyň içerki salonyna hem-de sürüjä kömek edýän elektron ulgamlara degişli......

düýn 18:36
3k+

Ferrari sport ulaglary we elektromobilleri üçin sanly «mehanika» gutyny patentleşdirdi

Ferrari kompaniýasy transmissiýa bilen gönüden-göni mehaniki arabaglanyşygyň bolmagyna garamazdan, açyk kulisaly klassik mehaniki geçiriş gutusynyň işini gaýtalaýan transmissiýa selektoryna patent hasaba aldy....

düýn 17:04
2.3k+

Ýewropada benzin we dizel ýangyçly awtoulaglaryň satuwy peselmegini dowam etdirýär

2026-njy ýylyň maý aýynda Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlarynda, EFTA-da (Erkin söwda boýunça Ýewropa assosiasiýasy — Islandiýa, Lihtenşteýn, Norwegiýa we Şweýsariýa) hem-de Beýik Britaniýada 1,15 milliona golaý......

düýn 14:05
3.9k+

Toyota we Nissan ABŞ-da ýygnalan ulaglarynyň aýratynlyklary barada duýdurdy

Toyota we Nissan ýaponiýaly alyjylary ABŞ-da öndürilen ulaglarynda bolup biljek aýratynlyklar barada habardar etdi. Gürrüň, ABŞ-dan Ýaponiýa import edilýän «Toyota Tundra», «Toyota Highlander» we «Nissan......