“The Ring” žurnaly 2020-nji ýylyň iň gowy boksçylaryny belli etdi

  • 23.12.2020 08:20
  • 10k+

Meşhur “The Ring” žurnaly 2020-nji ýylyň iň gowy boksçylarynyň atlaryny yglan etdi. Neşiriň redaktorlarynyň pikiriçe, agyr agramly boksçy Taýson Fýuri we ýeňil agram derejesinde WBA, IBF we WBO çempiony Teofimo Lopes iň gowy boksçylar boldy. Geçen ýyl bu baýragy meksikaly Saul Alwares aldy diýip, ctnews.ru belläp geçýär.

Ýatlap geçsek, geçip barýan ýylda Fýuri bir gezek söweşdi. Ol ABŞ-nyň wekili Deonteý Uaýlderi tehniki nokaut bilen ýeňip, agyr agramda WBC-niň dünýä çempiony boldy. Onuň hasabynda professional boksda 31 söweşi bar, 30 söweş ýeňiş bilen (21-si nokaut arkaly), biri deňme-deň tamamlandy.
Lopes barada aýdylanda, 23 ýaşly ABŞ-ly boksçy hem bir gezek söweşdi. Ol eminleriň karary bilen ukrainaly Wasiliý Lomaçenkony ýeňdi we IBF guşagyny saklap, WBA we WBO çempion guşaklaryny aldy. Belläp geçsek, Lopes agram derejesine garamazdan iň gowy boksçylaryň dünýä sanawynda altynjy orny eýeleýär.

düýn 22:55
2.8k+

Gazagystan figuralaýyn typmak boýunça iň iri ýaryşlaryň birini geçirmek hukugyny aldy

Astana şäheri taryhda ilkinji gezek figuralaýyn typmak boýunça Dört yklymyň çempionatyny kabul eder. Halkara konkide typyjylaryň birleşiginiň (ISU) beren maglumatyna görä, bu halkara ýaryş 2027-nji ýylyň......

düýn 17:52
3.5k+

Ulan-Batordaky ýaryş jemlendi: dzýudoçy Maýsa Pardaýewa bürünç medal gazandy

Türkmen dzýudoçysy Maýsa Pardaýewa 2028-nji ýylda Los-Anjelesde geçiriljek Olimpiýa oýunlaryna saýlama tapgyrynyň ilkinji tapgyry bolan Ulan-Batordaky «Uly tuwulga» ýaryşynda 57 kg çenli agram derejesinde......

düýn 15:58
9.9k+

DÇ-2026: üçünji orny alan toparlardan haýsysy 1/16 finala çykar? Geliň, düşünişeliň!

2026-njy ýyldaky dünýä çempionatynda ilkinji gezek 48 ýygyndy çykyş edýär. Ýaryşyň giňeldilen tertibi sebäpli, pleý-off tapgyryna (1/16 finala) 32 topar çykar. Indiki tapgyra gatnaşmak hukugyny 12 toparçanyň......

düýn 14:40
3.3k+

UFC amerikan harby gullukçylary üçin ýaryş geçirmegi meýilleşdirýär

UFC-niň prezidenti Dana Waýt ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp bilen bilelikde harby gullukçylar üçin ýaryş geçirmek meýilleri barada mälim etdi....