Gamaleýa merkezi bilen AstraZeneca hyzmatdaşlyk Ähtnamasyna gol çekdi

  • 22.12.2020 17:23
  • 6.8k+

Gamaleýa merkezi we AstraZeneca koronawirusa garşy göreşde hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ähtnama gol çekdiler diýip, RF-iň prezidentiniň metbugat sekretary Dmitriý Peskow habar berdi. Muny INTERFAX.RU ýetirýär.

Taraplar adamlaryň koronawirusdan has durnukly we uzak möhletli goragy üçin Russiýanyň “Sputnik V” sanjymy bilen AstraZeneca tarapyndan taýýarlanylan AZD1222 serişdesini bilelikde ulanmagyň mümkinçiliklerini öwrenjek iş we ylmy gatnaşyklaryny ösdürmek barada ylalaşdylar.

“Biziň iki esasy maksadymyz bar. Birinjisi, saglygy goraýyş pudagyndan hünärmenlere, lukmanlara we şepagat uýalaryna ýeňil düşer ýaly hem birinji, hem ikinji sanjym işi üçin iki sanjymyň islendik birini ulanmak mümkinçiligini bermekden ybarat. Ikinji maksat, mümkin boldugyndan netijeliligi ýokarlandyrmak. Iki sanjymy birleşdirip, immun ulgamynyň gyjyndyrylmagyny ýokarlandyrmak arkaly has uly netije gazanyp bolar” – diýip, AstraZeneca-nyň baş ýerine ýetiriji müdiri Paskal Sorio belledi.

Dekabr aýynyň başynda AstraZeneca sanjymynyň “Sputnik V” bilen utgaşdyrylmasynyň kliniki synaglaryny geçirmek isleýändigini habar berdi.
Kompaniýanyň habarynda AZD1222 (AstraZeneca bilen Oksford uniwersiteti tarapyndan bilelikde taýýarlanylan) we “Sputnik V” (Russiýanyň Gamaleýa merkezi tarapyndan taýýarlanylan) sanjymynyň bilelikde ulanylyşynyň howpsuzlygyna we immunogenligine baha bermek boýunça synaglaryň geçiriljekdigi nygtaldy.

24.05.2026 23:22
2.6k+

Alymlar hapa suwlarda düwnük dörediji wiruslary tapdylar: indi olary yzarlamak kyn bolmaz

Beýlor lukmançylyk kollejiniň we Tehas uniwersitetiniň alymlary taryhda ilkinji gezek şäherleriň hapa suwlarynyň içinde adamlarda howply çişleriň döremegine sebäp bolýan esasy wiruslaryň hemmesini birden......

23.05.2026 21:04
1.9k+

The Lancet: Dünýäde tas 1,2 milliard adam psihiki bozulmalardan ejir çekýär

Dünýäde diagnoz goýlan psihiki bozulmalaryň sany 1990-njy ýyldan 2023-nji ýyl aralygynda 95,5% artdy, şeýle ýagdaýlaryň umumy sany bolsa 1,17 milliarda ýetdi. Bu maglumatlar «The Lancet» atly abraýly......

23.05.2026 10:34
1.8k+

Arheologlar Şotlandiýada altyndan ýasalan iň gadymy diş protezleriniň birini tapdylar

Aberdin uniwersitetiniň alymlary Şotlandiýada altyn simden ýasalan seýrek diş protezini tapdylar. Çaklamalara görä, bu protez baryp XVI asyrda ulanylypdyr. Bu tapyndy Aberdindäki Keramatly Nikolaýyň......

20.05.2026 12:06
10k+

Semizlik ösen ýurtlarda azaldy, garyp ýurtlarda bolsa artdy. Sebäbi?

Dünýäniň 200 sany ýurdunda geçirilen täze barlag baý we ösen döwletlerde semizligiň azalandygyny, emma garyp hem-de ösüp barýan ýurtlarda bolsa bu görkezijiniň tersine, örän çalt artýandygyny ýüze çykardy....