Messi bir klubda uran gollarynyň sany boýunça Peläniň yzyndan ýetdi

  • 20.12.2020 21:43
  • 10k+

"Barselonanyň" argentinaly hüjümçisi Lionel Messi bir klubuň düzüminde uran gollarynyň sany boýunça braziliýaly Pele bilen deňleşdi. Bu barada INTERFAX habar berýär.

Şenbe güni ol Ispaniýanyň çempionatyndaky oýunda "Walensiýanyň" derwezesine gol geçirdi, munuň özi Messiniň "Barselonanyň" düzüminde geçiren 643-nji pökgüsi boldy. Pele hem öz döwründe Braziliýanyň “Santos” kluby üçin şonça pökgi geçiripdi, bu görkeziji iň ýokary üstünlik bolupdy.
Messiniň şenbe güni geçiren goly barada aýdylanda bolsa, bu takyk urgy birinji ýarymyň esasy wagtyna goşulan minutlarda bolupdy. Şol bir wagtyň özünde ilki argentinaly hüjümçi 11 metrlik jerime urgusyny urup bilmedi, ýöne sähel salymdan soň pökgini kellesi bilen derwezä geçirmegi başardy.
Messi 2004-nji ýyldan bäri "Barselonanyň" düzüminde çykyş edip gelýär. Katalon kluby bilen ol 34 ýaryşda ýeňiji boldy, şeýle hem alty gezek “Altyn topuň” eýesi boldy.

şu gün 07:51
2.6k+

19 ýaşly Antonelli Monakonyň Gran-prisinden ýeňiş gazandy: bu onuň yzly-yzyna bäşinji ýeňşi

«Mercedes» toparyndan çempionatyň lideri Andrea Kimi Antonelli 2026-njy ýylyň Formula-1 möwsüminiň altynjy tapgyry bolan Monakonyň Gran-prisinde ýeňiş gazandy. Ýaryş 7-nji iýunda Monte-Karlo şäheriniň......

düýn 16:49
6.9k+

Messi Asturiýa şa gyzynyň baýragynyň eýesi boldy

Argentinaly futbolçy Lionel Messi sport ulgamynda 2026-njy ýylyň halkara Asturiýa şa gyzy baýragynyň eýesi boldy. Bu barada Asturiýa şa gyzynyň gaznasy habar berdi....

düýn 16:09
7.2k+

Mekirlik etme-de, oýna: dünýä çempionatynda futbolçylara nähili düzgünler garaşýar

FIFA we Halkara futbol assosiasiýalarynyň geňeşi (IFAB) 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynyň öňüsyrasynda oýnuň düzgünlerine birnäçe möhüm üýtgeşmeleri girizdi. Bu täze düzgünler wagt çekmäge garşy göreşmäge,......

düýn 12:42
8.4k+

Saud Arabystany Dünýä çempionaty — 2026-nyň oýunlaryna petekleri mugt paýlap başlady

Saud Arabystanynyň Futbol federasiýasy öz milli ýygyndysynyň janköýerleri üçin 2026-njy ýylda geçiriljek futbol boýunça Dünýä çempionatynyň oýunlaryna mugt petek paýlamak çäresine başlady. Bu hakda Saud......