Russiýa pandemiýa garşy göreşde Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyga oňyn baha berýär

  • 20.12.2020 14:30
  • 11k+

Russiýa täze görnüşli koronawirus pandemiýasyna garşy göreşde Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyga oňyn baha berýär diýip, Russiýanyň Türkmenistandaky ilçisi Aleksandr Blohin 2020-nji ýylyň jemi boýunça geçirilen metbugat maslahatynda aýtdy. Bu barada ORIENT habar berýär.

Onuň belleýşi ýaly, Moskwa Türkmenistana 50 müňden gowrak barlag üçin barlag-ulgamlaryny mugt berdi, rus we türkmen lukmanlary bolsa onlaýn görnüşde lukmançylyk pudagynda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň meselelerini işjeň maslahatlaşýarlar.
Russiýanyň ilçisi Türkmenistanyň Russiýadan 8 million dollardan gowrak derman serişdelerini we lukmançylyk esbaplaryny satyn alandygyny we Russiýanyň bu ugurda Aşgabat bilen hyzmatdaşlyga oňyn garaýandygyny aýtdy.

“Russiýa tarapy Türkmenistana möwsümleýin dümew sanjymyny iberdi. Biz sanjymymyza, hususan-da, “Sputnik V” sanjymyna türkmenler tarapyndan isleg bildiriljekdigine we bu sanjymyň zerur mukdary kärhanalarymyzda öndürilen badyna Russiýa tarapyndan üpjün ediljekdigine umyt bildirýäris” – diýip, Russiýanyň doly ygtyýarly wekili belledi.

şu gün 18:11
348

«Ýönekeý» Hytaýda, Türkiýede we Malaýziýada okajaklara iň amatly şertleri üpjün edýär

«Ýönekeý» kompaniýasy Hytaýyň, Türkiýäniň we Malaýziýanyň öňdebaryjy uniwersitetlerinde bilim almaga isleg bildirýänleri okuwa çagyrýar. Häzirki wagtda köp isleg bildirilýän ugurlar boýunça resminamalar kabul edilýär...

şu gün 17:31
577

L.N.Gumilýow adyndaky Ýewraziýa milli uniwersitetinde okaýan türkmen talyplary tegelek stol geçirdi

18-nji martda Astanadaky L.N. Gumilýow adyndaky Ýewraziýa milli uniwersitetinde «Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy: Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň watany» atly tegelek stol geçirildi...

şu gün 16:04
722

«Türkmenistanyň geljegine maýa goýumlar» forumy täze mümkinçiliklere ýol açdy

Türkmenistanda hususy pudaga maýa goýumlary çekmek boýunça «Türkmenistanyň geljegine maýa goýumlar» (IFT 2026) atly II halkara forum geçirildi. Çäre 18-nji martda ýurduň Söwda-senagat edarasynda boldy we Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň (TSTB) döredilmeginiň 18 ýyllygyna bagyşlanan serginiň çäginde guraldy...

şu gün 15:56
2k+

Messi karýerasynda 900-nji goluny geçirdi. Munuň üçin oňa Ronaldudan az wagt gerek boldy

«Inter Maýami» toparynyň hüjümçisi Lionel Messi karýerasynda 900-nji goluny geçirdi. Ol özüniň ýubileý goluny KONKAKAF Çempionlar kubogynyň çäginde «Neşwill» toparyna garşy geçirilen oýunda (hasap 1:1) derwezä girizdi...