Habib ýylyň iň gowy daşary ýurtly türgeni boldy

  • 19.12.2020 19:23
  • 15k+

Ýeňil agramda UFC-niň çempiony Habib Nurmagomedow BBC-niň garaýşy boýunça, “Ýylyň daşary ýurtly türgeni” nominasiýasynda ýeňiji boldy. Bu baýrak bir ýylyň dowamynda sporta uly goşant goşan Beýik Britaniýadan bolmadyk türgenlere berilýär. Bu barada news.sportbox.ru habar berýär.

Nurmagomedow nominasiýada fewral aýynda iki gezek ýapyk dünýä rekordyny täzelän şwesiýaly türgen Arman Dýuplantisden, geçen möwsümde MBA (Milli basketbol assosiasiýasy) we soňky tapgyryň MVP çempiony, “Los-Anjeles Leýkersiň” basketbolçysy Lebron Jeýmsden hem-de golfçy Dastin Jonsondan öňe geçdi.
Belläp geçsek, BBC bu baýragy 1960-njy ýyldan bäri her ýyl gowşurýar. Geçen ýyl baýraga Keniýadan ylgawçy Eliud Kipçoge mynasyp boldy.
27-nji oktýabrda Nurmagomedow UFC 254 turnirinde amerikaly Jastin Getjiden üstün çykandan soň, karýerasynda ilkinji gezek Pound-for-Pound reýtinginde birinji orny eýeledi. Habib üçin bu üçünji titul goragy boldy. Söweşden soň Habib karýerasyny tamamlaýandygyny habar berdi.

düýn 16:19
3.6k+

Flik «Barselonanyň» iň soňky iş ýeridigini aýtdy we klubdaky esasy maksatlaryny görkezdi

«Barselonanyň» baş tälimçisi Hans-Diter Flik katalon klubunyň özüniň karýerasynda iň soňky tapgyr boljakdygyny we gitmezinden ozal ýerine ýetirmeli iki sany esasy wezipesiniň bardygyny aýtdy. Mundan ozal 61......

düýn 16:15
5.4k+

UFC-niň çempiony Çimaýew resmi taýdan RAF erkin göreş ligasynyň pälwany boldy

Real American Freestyle (RAF) erkin göreş promouşeniniň metbugat gullugy UFC-niň orta agramda häzirki çempiony, 31 ýaşly Hamzat Çimaýew bilen şertnama baglaşylandygyny resmi taýdan yglan etdi. Bu täzelik......

düýn 15:40
3.5k+

«Çelsi» işläp başlanyna 4 aý bolan baş tälimçisini wezipeden aýyrdy

Londonyň «Çelsi» kluby baş tälimçi Liam Rosenýoryň wezipeden aýrylandygyny yglan etdi. Topar yzly-yzyna bäş oýunda utuldy we şol duşuşyklarda garşydaşyň derwezesine ýekeje gol hem geçirip bilmedi....

düýn 12:31
5.9k+

«Barselona» El-Klasikoda Oliwiýa Rodrigonyň logotipi bolan ýörite eşikde oýnar

«Barselona» futbol kluby öňümizdäki «Klasikoda» amerikaly aýdymçy Oliwiýa Rodrigonyň logotipi şekillendirilen ýörite sport eşiklerinde meýdança çykar. Bu barada «Mundo Deportivo» neşiri habar berýär. Bu çäre......