2021-nji ýylyň ahyryna çenli futbolda bäş oýunça çenli çalşyrmaga rugsat berildi

  • 17.12.2020 16:51
  • 5.2k+

Halkara futbol assosiasiýalarynyň geňeşi (IFAB) oýunlarda oýunçylary çalyşmagyň sanyny üçden bäşe çenli köpeltmek baradaky wagtlaýyn düzgünini 2021-nji ýylyň ahyryna çenli uzaltdy. Bu barada Halkara futbol federasiýasynyň (FIFA) metbugat gullugy habar berýär diýip, TASS belläp geçýär.

Çarşenbe güni wideo maslahat görnüşinde IFAB-yň ýygnagy geçirildi. Ýygnaga gatnaşyjylar klub derejesindäki ýaryşlarda bäş oýunçy çalşygyny tassyklamakdan başga-da, FIFA-nyň howandarlygyndaky halkara oýunlarda hem bu düzgüni 2022-nji ýylyň ahyryna çenli uzaltdylar. Şeýle çäre koronawirus pandemiýasynyň futbola edýän täsiri bilen baglanyşyklydyr.
Mundan başga-da, IFAB oýunçyda beýni sarsgyny hakyky bolan ýa-da güman edilen ýagdaýynda goşmaça oýunçy çalyşmak teklibini goldady. Bu düzgün toparlara ähli orun çalşygy peýdalanylan bolsa hem, meýdançadaky oýunçynyň kellesine şikes ýeten halatynda goşmaça oýunçy çalyşmaga mümkinçilik berer. Orny çalşylan oýunçyda beýni sarsgyny ýüze çykarylmasa-da, ol bu oýunda meýdança dolanyp bilmez.
IFAB-yň indiki ýygnagy 2021-nji ýylyň martynda wideo maslahat görnüşinde geçiriler.
Bäş gezek çalyşmak düzgüni Ýewropanyň milli çempionatlarynda koronawirus pandemiýasy sebäpli ýüze çykan arakesmeden soň ýaryşlar gaýtadan dikeldilende girizildi. Mundan ozal onuň hereketi Ýewropanyň futbol assosiasiýalary bileleşigi tarapyndan 2020/21 möwsümiň ahyryna çenli uzaldyldy.

şu gün 14:15
5.9k+

Dünýä çempionaty – 2026-nyň 12-nji güni: Messi – çempionatyň iň gowy bombardiri, 4 oýunçynyň birbada dubly

2026-njy ýyldaky futbol boýunça dünýä çempionatynda toparçalaýyn tapgyryň ikinji duşuşyklary dowam edýär. Ýaryşyň 12-nji gününde dört futbolçy – Lionel Messi, Kilian Mbappe, Erling Holand we Ismaila Sarr dubl......

düýn 22:55
4.2k+

Gazagystan figuralaýyn typmak boýunça iň iri ýaryşlaryň birini geçirmek hukugyny aldy

Astana şäheri taryhda ilkinji gezek figuralaýyn typmak boýunça Dört yklymyň çempionatyny kabul eder. Halkara konkide typyjylaryň birleşiginiň (ISU) beren maglumatyna görä, bu halkara ýaryş 2027-nji ýylyň......

düýn 17:52
4.2k+

Ulan-Batordaky ýaryş jemlendi: dzýudoçy Maýsa Pardaýewa bürünç medal gazandy

Türkmen dzýudoçysy Maýsa Pardaýewa 2028-nji ýylda Los-Anjelesde geçiriljek Olimpiýa oýunlaryna saýlama tapgyrynyň ilkinji tapgyry bolan Ulan-Batordaky «Uly tuwulga» ýaryşynda 57 kg çenli agram derejesinde......

düýn 15:58
11k+

DÇ-2026: üçünji orny alan toparlardan haýsysy 1/16 finala çykar? Geliň, düşünişeliň!

2026-njy ýyldaky dünýä çempionatynda ilkinji gezek 48 ýygyndy çykyş edýär. Ýaryşyň giňeldilen tertibi sebäpli, pleý-off tapgyryna (1/16 finala) 32 topar çykar. Indiki tapgyra gatnaşmak hukugyny 12 toparçanyň......