"YouTube"-yň we "Google"-yň işinde näsazlyklaryň ýüze çykandygy habar berildi

  • 14.12.2020 23:04
  • 6k+

"Google" gözleg ulgamynyň, oňa degişli bolan "GMail" poçta hyzmatynyň, şeýle hem "YouTube" wideo hosting hyzmatynyň işinde näsazlyklar ýüze çykdy. Muňa Downdetector hyzmatynyň maglumatlary hem şaýatlyk edýär.

"Google"-yň işleýşinde näsazlyklar bilen, esasan, Ýewropaly ulanyjylar ýüzbe-ýüz boldular. Ýüz tutmalaryň köpüsi Angliýadan, Gollandiýadan, Italiýadan, Germaniýadan, Polşadan we Ispaniýadan geldi. Bu ýurtlaryň ýaşaýjylary “YouTube”-a we “GMail”-e girmekdäki kynçylyklardan hem zeýrenýärler.
Downdetector-yň pikiriçe, hyzmatlaryň işinde meseleler, takmynan, 16:30-da ýüze çykyp başlady. Olar barada habar beren "Google" (77 göterim), "YouTube" (87 göterim) we "Gmail" (57 göterim) ulanyjylaryň köpüsi sahypalara girip bilmediler. Galanlary bolsa şahsy hasabyna girip bilmeýändikleri barada ýüz tutdular.
11-nji dekabrda hem "Google"-yň käbir ýurtlarda birnäçe ulanyjy üçin elýeterli däldigi habar berlipdi. Onuň işleýşindäki bökdençlikler ABŞ-da, Meksikada, Kanadada, Daniýada ýüze çykypdy.

01.04.2026 15:57
9.7k+

Owganystanda we Pakistanda ýagan güýçli ýagyşlar weýrançylyklara sebäp boldy

Soňky bäş günüň dowamynda ýagan güýçli ýagyşlar Owganystanda we Pakistanda uly möçberli siliň gelmegine hem-de binalaryň ýykylmagyna sebäp boldy. Duşenbe güni häkimiýetleriň beren maglumatyna görä, heläk......

30.03.2026 23:13
13k+

Günbatar Awstraliýany eýmenç gyzyl duman gaplady. Munuň sebäbi näme?

Awstraliýanyň Karnarwon şäheriniň golaýynda tozanly tupan sebäpli asman gyzyl reňke boýaldy. Bu barada "Fox Weather" neşiri habar berýär....

30.03.2026 10:47
9.7k+

Fransiýa güýçli ýel-ýagyn zerarly 5,2 milliard ýewrolyk zyýan çekdi

2025-nji ýylda Fransiýada bolup geçen tebigy harasatlar we betbagtçylyklar jemi 5,2 milliard ýewro möçberinde maddy zyýan ýetirdi. Bu barada France Assureurs ätiýaçlandyryş agentligi habar berýär....

29.03.2026 01:10
15k+

Dagystanda güýçli suw joşguny dowam edýär

Dagystanda dowam edýän çakdanaşa güýçli ýagyşlar uly göwrümli suw joşgunyny emele getirdi. Tebigy hadysa zerarly 14 sany etrapda elektrik üpjünçiligi kesildi. Sebitiň paýtagty Mahaçkala şäherinde 60 müňden......