Iň arzan awtoulaglary bolan ýurtlaryň sanawy düzüldi

  • 13.12.2020 09:24
  • 22k+

“Söz we iş” (“Слово и дело”) neşiriniň hünärmenleri içerki awtoulag senagatynyň ulag serişdeleriniň iň arzan bahalary bilen meşhur bolan ýurtlaryň sanawyny düzdüler. Sanawy m.njcar.ru getirýär.

Sanawda öňdebaryjylaryň biri Hindistan, bu ýerde ýerli önümçiligiň ulaglaryny örän arzan bahadan satyn alyp bolýar. Mysal üçin, bu ýerde dünýä bazarynda “bahasy bary-ýogy 2 500 dollar bolan awto” hökmünde hödürlenilen hindi awtoulag öndürijisi Tata Motors-yň modeli giňden ýaýrandyr.
Germaniýanyň ýaşaýjylary hem içerki önümçiligiň “ýeňil awtoulaglaryny” arzan bahadan satyn alyp bilýärler, aýratynam, “A” klasyna degişli bolan arzan gibrid görnüşli ykjam ulaglara isleg köp bildirilýär.
Şeýle-de, iň arzan ýerli awtoulaglary bolan ýurtlaryň bäşligine Ýaponiýa girizildi. “Günüň dogýan ýurdunyň” awtoulag bazarynyň 40%-ini kiçi we amatly keý-karlar eýeleýär.
Günorta Koreýadan alyjylar artykmaç töleg we ulag salgytlary ýaly meseleler bilen ýüzbe-ýüz bolmaýarlar, şonuň üçin taýýar ulaglara goşmaça bahalar ýaýradylmaýar. Bu ýurt iň arzan ulaglary bolan ýurtlaryň “bäşligine” girdi.
Bäşligi ýerli ulag bazary ösen Fransiýa jemleýär. Fransiýada daşky gurşawy gorap saklamak barada “alada etmäge” mümkinçilik berýän ulag meşhurdyr.
Mundan başga-da, ýerli ulaglara arzan bahalar ABŞ-da, Italiýada we Polşada hasaba alyndy.

düýn 14:34
2.4k+

Koenigsegg-iň Lego kubiklerinden ýasalan nusgasy sagatda 111 km tizlige çykdy

Lego we Koenigsegg kompaniýalary hyzmatdaşlygyň çäginde «Sadair’s Spear» ekstremal trek giperkaryny jikme-jik gaýtalaýan «Koenigsegg Sadair’s Spear Megacar» toplumyny taýýarladylar. Bu ulag markanyň......

21.06.2026 21:15
4.5k+

Toyota rekord derejedäki satuwlara garamazdan, model sanyny azaltmak isleýär

Toyota kompaniýasy rekord derejedäki satuw görkezijilerine garamazdan, awtoulaglaryň model we görnüş sanyny azaltmagy, ünsüni bolsa iň köp isleg bildirilýän hem-de düşewüntli ugurlara gönükdirmegi......

21.06.2026 16:05
3.7k+

Volkswagen-de çökgünlik: ýolbaşçylar kompaniýanyň ýok bolup gitmek howpuny boýun aldy

Germaniýanyň Volkswagen Group awtomobil konserniniň içerki ýagdaýy ýolbaşçylar tarapyndan örän howsalaly diýlip hasaplanýar. Germaniýanyň «Manager Magazin» neşiri kompaniýanyň müdirler geňeşiniň we gözegçilik......

21.06.2026 09:56
6.2k+

Singapurda aşa gara awtomobil boýagy döredildi: ol ýagtylygy doly diýen ýaly özüne siňdirýär

Singapuryň NIPSEA kompaniýasynyň barlagçylary görünýän diapozonda 99,9%-e çenli ýagtylygy özüne siňdirmäge ukyply bolan aşa gara awtomobil örtügini işläp taýýarlady....