ABŞ-da 17 ştat prezident saýlawlarynyň netijeleri boýunça Ýokary kazyýete ýüz tutdy

  • 11.12.2020 11:08
  • 13k+

ABŞ-da 17 ştatyň wekilleri Tehasyň baş prokurory Ken Pakstonyň dörän köp sanly hukuk bozulmalary sebäpli Jo Baýdeniň ýeňiş gazanan dört ştatynda saýlaw netijeleriniň ýatyrylmagyny haýyş edip, ozal ýurduň Ýokary kazyýetine beren ýüz tutmasyny goldadylar. Bu barada "Reuters" gullugy habar berdi.

Olar - Alabama, Arkanzas, Günbatar Wirjiniýa, Indiana, Kanzas, Luiziana, Missisipi, Missuri, Montana, Nebraska, Oklahoma, Demirgazyk Dakota, Tennessi, Florida, Günorta Dakota, Günorta Karolina hem-de Ýuta ştatlary. Amerikanyň hukuk ulgamynda bular kazyýet işine gatnaşmaýan daşarky gyzyklanýan taraplar we toparlar hasaplanýar hem-de olar kazyýet işi baradaky pikirlerini kaza berip bilýärler.
Tehasyň baş prokurory ozal ABŞ-nyň Ýokary kazyýetinde Jorjiýa, Miçigan, Pensilwaniýa we Wiskonsin ştatlaryna garşy kazyýet işini açypdy. Ol bu ştatlarda býulletenleri, şol sanda poçta arkaly iberilenleri işlemek düzgünleriniň saklanylmandygyna ynanýar. Şunuň bilen baglylykda, bu ştatlardaky saýlawlaryň netijesi nädogry diýlip yglan edilmeli.
ABŞ-da saýlawlar 3-nji noýabrda geçirildi. Amerikanyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň çaklamalaryna görä, Baýden saýlawçylar kollegiýasynyň 270-den gowrak agzasynyň goldawyna eýe, olaryň sesleri respublikan Donald Trumpdan üstün çykmak üçin ýeterlik. ABŞ-nyň administrasiýasynyň degişli umumy işler bölümi Baýdeni saýlanan prezident hökmünde ykrar etdi we indiki Amerikan lideriniň ýakyn wagtda işe girişmeginiň çäginde kazyýet işlerini kabul etmek we geçirmek üçin zerur býujet serişdeleri bilen üpjün etmäge taýýardygyny ýazmaça habar berdi. Muňa garamazdan, Tramp ýeňlişini boýun almady we sesleri gaýtadan sanamak talaby bilen kazyýete ýüz tutmak niýetini yglan etdi, sebäbi ol saýlawlarda demokratlar tarapyndan köp sanly hukuk bozulmalaryna ýol berildi diýip hasap edýär.

şu gün 10:24
4k+

ABŞ-nyň gündogar kenarýakasynda güýçli gar höküm ýöredýär. Boýy bilen gara çümen Nýu-Ýorkuň suratlary

Soňky on ýylyň içinde bolup geçen iň güýçli gar boragany ABŞ-nyň demirgazyk-gündogarynda köpçülikleýin elektrik togunyň kesilmegine we ulag gatnawynyň doly togtamagyna getirdi. Meteorologlaryň berýän maglumatlaryna görä, bu ştatlarda bir gije-gündiziň dowamynda 60 santimetrden köp gar ýagdy...

düýn 23:06
11k+

7-nji gatyň penjiresinden gaçan çagany halas eden özbek ýigidi «Edermenlik» medaly bilen sylaglandy

Özbegistanyň prezidenti Şawkat Mirziýoýew Sankt-Peterburgda penjireden aşak gaçan çagany halas eden ildeşi Haýrullo Ibadullaýewi «Jasorat» («Edermenlik») medaly bilen sylaglady. Bu barada döwlet baştutanynyň metbugat sekretary Şerzod Asadow habar berdi...

düýn 19:37
10k+

Osaka şäherinde näbelli bir adam suw üpjünçiligini oňartmak üçin 21 kg altyny haýyr-sahawatyna berdi

Ýaponiýanyň Osaka şäherinde adynyň aýdylmagyny islemedik sahawatly bir adam şäheriň suw üpjünçilik ulgamyny täzeletmek üçin 21 kilogram altyn böleklerini peşgeş berdi. Osakanyň häkimi Hideýuki Ýokoýamanyň gürrüň bermegine görä, altynlar şäheriň suw üpjünçilik müdiriýetine tabşyryldy we olaryň satuwyndan geljek serişdeleri könelen suw turbalaryny bejermek üçin ulanmak meýilleşdirilýär...

düýn 14:47
6.5k+

Bali adasynda howanyň iň howply derejesi yglan edildi

Indoneziýanyň Bali adasynda güýçli ýagyn sebäpli howanyň iň ýokary — «gyzyl» howp derejesi yglan edildi. Ýagyş eýýäm suw joşgunlaryna we süýşgünlere sebäp boldy diýip, Jakarta Globe neşiri Bali prowinsiýasynyň Meteorologiýa, klimatologiýa we geofizika agentligine salgylanyp habar berýär...