2024-nji ýyldaky Bütindünýä Küşt olimpiadasy Budapeştde geçiriler

  • 07.12.2020 23:37
  • 2.8k+

2024-nji ýyldaky Bütindünýä Küşt olimpiadasy Wengriýanyň paýtagty Budapeştde geçiriler. Bu barada Halkara küşt federasiýasynyň metbugat gullugyna salgylanyp, Sputnik gullugy habar berdi.

Nobatdaky iri küşt ýaryşynyň geçiriljek ýeri FIDE-niň Baş Assambleýasynyň mejlisinde ses bermek arkaly kesgitlenildi.
Ýeri gelende bellesek, Bütindünýä Küşt olimpiadasy Budapeştde taryhda ikinji gezek geçiriler: ýaryş bu ýerde ilkinji gezek 1926-njy ýylda geçipdi we şonda ol resmi däl statusa eýe bolupdy.
Olimpiada FIDE-niň agzalygyna degişli bolan ýygyndy toparlar gatnaşýarlar. Ýaryş ilkinji gezek 1927-nji ýylda Londonda, iň soňky gezek bolsa 2018-nji ýylda Gruziýada geçirildi.
Ondan öň ýaryşyň şu ýyl Russiýa Federasiýasynda, soňra 2022-nji ýylda Belarusda geçirilmegi meýilleşdirilipdi. Koronawirus pandemiýasy sebäpli Russiýada geçiriljek olimpiada-ha bir ýyla yza süýşürildi, Belarus hem maliýe ýetmezçiligi sebäpli ony geçirmekden ýüz öwürdi diýip, Sputnik gullugy belleýär.

düýn 16:17
1k+

UEFA hemaýatkärlerden 1 milliard ýewrodan gowrak peýda almagy meýilleşdirýär

UEFA geljekki möwsümden başlap, klub ýaryşlarynyň (Çempionlar ligasy, Ýewropa ligasy we Konferensiýa ligasy) hemaýatkärliginden 1 milliard ýewrodan gowrak peýda almagy göz öňünde tutýar diýip, The Guardian......

düýn 00:22
3.3k+

«Pari Sen-Žermen» Laureus tarapyndan ýylyň iň gowy sport topary diýlip ykrar edildi

Fransiýanyň «Pari Sen-Žermen» futbol kluby «Laureus World Sports Awards» dabarasynda 2025-nji ýylyň iň gowy sport topary hökmünde ykrar edildi....

21.04.2026 23:24
2k+

Keniýaly Jon Korir Boston marafonynda taryhda iň gowy netije bilen ýeňiş gazandy

Keniýaly ylgawçy Jon Korir Boston marafonynyň ýeňijisi boldy we ýoluň täze rekordyny goýdy. Ol 42 kilometrden gowrak aralygy 2 sagat 1 minut 52 sekuntda geçmegi başardy....

21.04.2026 20:58
4.7k+

Türkmen ýaşlary Rumyniýadaky erkin we grek-rim göreşi boýunça ýaryşda uly üstünlik gazandy

2026-njy ýylyň 16–19-njy apreli aralygynda Rumyniýanyň Buharest şäherinde 17 ýaşa çenli türgenleriň arasynda geçirilen «Konstantin Aleksandru we Ioan Popowiç» adyndaky halkara ýaryşynda türkmen türgenleri uly......