«Time»: 2020-nji ýyl taryhyň iň ýaramaz ýyly

  • 06.12.2020 20:04
  • 27k+

Şenbe güni “Time” žurnaly 2020-nji ýyly taryhyň iň ýaramaz ýyly diýip atlandyrýan nobatdaky sanynyň daşyny neşir etdi.

Žurnalyň daşynda gyzyl atanak bilen çyzylan 2020 san şekillendirilen. Onuň aşagynda “taryhda iň ýaramaz ýyl” diýlen ýazgy ýerleşdirilipdir.
Žurnal amerikan kino tankytçysy Stefani Zaharegiň žurnalyň daşyna bagyşlap ýazan makalasyny hem neşir etdi. “ABŞ-nyň taryhynda has ýaramaz ýyllar hem boldy, hatda iň ýaramaz ýyllar dünýä taryhynda-da bolup geçdi, ýöne häzirki döwürde ýaşaýanlaryň köpüsi şular ýaly ýyly hiç haçan görmedi” – diýlip, makalada aýdylýar.
Awtor 1918-1919-njy ýyllarda dümew pandemiýasynyň (“ispan keseli”), Birinji we Ikinji jahan uruşlarynyň, Beýik depressiýanyň agyr döwürlerini ýada salýan adamlaryň örän az galandygyny belledi.

“Galanlarymyz tebigatyň nähili derejede göwnüne degendigimizi görkezýän dowamly tebigy betbagtçylyklara, netijeleri fantaziýa esasynda jedel edilýän saýlawlara, dünýäniň ähli ýaşaýjylarynyň durmuşyny tersine öwürmek we tutuş dünýäde 1,5 mln töweregi adamyň ýogalmagyna sebäp bolmak üçin, ähtimal, ýarganatlardan geçen wirusa taýýar däldik” – diýip, Zaharek ýazýar.

düýn 15:16
6k+

Hytaýyň günorta we merkezi sebitleri güýçli ýagyşlardan we ýer süýşgünlerinden ejir çekdi

Hytaýyň günorta we merkezi sebitlerinde ýagan güýçli ýagyşlar sil suwlaryna we ýer süýşgünlerine getirdi....

18.05.2026 21:05
9.1k+

Hytaýyň günortasynda bolan ýer titremesinden soň 7 müňden gowrak adam başga ýere göçürildi

Hytaýyň günortasyndaky Lýuçžou şäherinde 5,2 bal güýji bolan ýer titremesi boldy. Tebigy betbagtçylyk sebäpli 7 müňden gowrak adam başga ýere göçürildi diýip, Reuters agentligi habar berýär....

17.05.2026 23:10
10k+

Hindistan we Pakistan görlüp-eşidilmedik aşa yssy howa şertleri bilen ýüzbe-ýüz boldy

Pakistanda we Hindistanda howanyň temperaturasy +46°C-ä çenli ýetýän we uzak wagtlap dowam edýän aşa yssylyk hasaba alynýar diýip, Zakon.kz neşiri ýazýar....

15.05.2026 11:17
8.5k+

Ýaza ýaraşmajak ýagdaý: Hindistanyň Uttar-Pradeş ştatynda adatdan daşary güýçli harasat boldy

13-nji maýda agşamara Hindistanyň demirgazygyndaky Uttar-Pradeş ştatynda örän güýçli harasat turdy. Tebigy apatyň netijesinde azyndan 111 adam pida boldy we 72 adam dürli şikesleri aldy. Harasat güýçli ýagyş,......